Baky Bitaraplygyň senasy

16 Dekabr 2021
1359

Türkmen halky dünýä halklary bilen bilelikde 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk gününi uly baýram hökmünde belläp geçdi. Adamzadyň baýramçylyk senenamasyna girizilen Halkara Bitaraplyk güni halkymyzyň dünýä gymmatlyklarynyň hataryna beýik goşandydyr. Bu taryhy goşant çuňňur mazmuna eýe bolup, Bitaraplyk adamzat üçin görkezilýän täze bir taryhy ýoldur. Onuň aňyrsynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň belent taryhy şahsyýeti durýar. Dünýäde ykrar edilen Lider hökmünde hormatly Prezidentimiz Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet kabul edişliginde sözlän sözünde söz sungatyna aýratyn orun berdi. Hormatly Prezidentimiz türkmeniň taryhy şahsyýetleriniň, söz ussatlarynyň bitiren hyzmatlaryna baha berip, şeýle diýdi: «Türkmeniň taryhynda Alp Arslan, Görogly beg ýaly edermen şahslar, Magtymguly Pyragy, Mämmetweli Kemine, Gurbandurdy Zelili, Seýitnazar Seýdi ýaly ajaýyp söz ussatlary halkymyzyň agzybirligi, ýurduň berkararlygy ugrunda akyl-paýhasyň, gaýduwsyzlygyň we çeper sözüň üsti bilen göreşipdirler. Olar halka hyzmat etmegiň, Watana wepalylygyň ajaýyp nusgalaryny görkezipdirler». Şeýle beýik baha:

Ýaraşsyn ýagy illeriň,
Açylsyn batyl ýollaryň

Amannepes ŞYHNEPESOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.