Watan gymmatlygy

15 Dekabr 2021
1572

Bitaraplyk. Parahatçylyk. Bu sözleriň aňyrsynda umman ýaly many bar. Bu sözler halkyň öz ykbalyny, öz geljegini özi kesgitlemek bagtynyň kepili. Mundan ýigrimi alty ýyl öň, hemişelik Bitaraplygymyza eýe bolandygymyzy dünýä ýüzüne jar eden sene Türkmenistanyň agzybir il-ulsunyň baky bagtyň röwşen ýoluna düşen güni hökmünde halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ebedilik ýazyldy. Şondan bäri geçen ýyllaryň içinde amala aşyrylan we badalga berilen işleri, ösüşleri, özgerişleri seriňde aýlanyňda, baky Bitaraplygymyzyň miwesi bolan parahatçylygyň gymmaty has aýdyň görünýär.

Hemişelik Bitaraplygymyza eýe bolmagymyz halky öňe sary batly gadamlar bilen alyp gitmek üçin örän zerur özgertmeleri amala aşyrmagyň täze başlangyç nokady bolup, her birimiziň ykbalymyzyň nurly sahypasyna öwrüldi.

Ogulşirin HASANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.