"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ýazdaky hereket — güýzdäki bereket

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda gowaça ekişine badalga berildi Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 15-nji martynda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde oba hojalygynda möhüm möwsüm bolan gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi. Jogapkärli möwsüme Daşoguz welaýatynda 27-nji martda başlamak bellenildi. Düýn welaýatymyzyň Ruhubelent etrabyndaky Aşyk Aýdyň piriň adyny göterýän daýhan birleşiginiň ekin meýdanynda hormatly ýaşulularymyzyň «Bismillasy» bilen gowaça ekişine girişildi.

Oba hojalygy ösüş ýolunda

Özgertmeler — rowaçlyga badalga Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygy hem uly ösüşleri başdan geçirýär. Bu pudakda öndürijilikli zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň netijesinde döwrebap ýyladyşhanalar, maldarçylyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar gurulýar. Amatly şertlerden ýerlikli peýdalanýan edermen daýhanlarymyz sahawatly türkmen topragymyzdan bereketli hasyl öndürmekde ýokary netijeleri gazanýarlar. Bu bolsa azyk bolçulygynyň ýokarlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna ýardam berýär.

Maldarlar üçin jogapkärli möwsüm

Babadaýhan etrabynyň zähmetsöýer maldarlary şu günler dowarlardan owlak-guzy almak möwsümini ýokary depginde alyp barýarlar. Olar öz garamagyndaky mallary sagdyn saklamak we olardan ýokary önüm almagy üpjün etmek bilen bir hatarda mallaryň baş sanyny artdyrmagy maksat edinýärler. Dowarlardan owlak-guzy almakda kärendeçi çopanlaryň aglabasy şertnamalaýyn borçnamalaryna artygy bilen hötde gelmegi başardylar. Maldarlar üçin işiň gyzgalaňly günlerinde dowarlardan guzy almakda iş üstünde ähli mümkinçilikler döredildi. Çopan-çoluklaryň ýanyna kömekçi adamlar berkidilip, nobatçylyk çekilmegi üçin awtoulag hyzmaty ýola goýuldy. Alnan ýaş guzularyň sagdyn ösmegi üns merkezinden düşürilmeýär.

Tohumyň müňlesin, Babadaýhan!

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gowaça ekişine ak pata bermegi bilen, welaýatymyzyň pagtaçy babadaýhanlary 20-nji martda dili senaly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen oba hojalygyndaky jogapkärli möwsüme dabaraly ýagdaýda başladylar. Şu mynasybetli Ak bugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ekerançylyk meýdanynyň golaýynda ýaýbaňlandyrylan dabara egsilmez şatlyga beslendi. — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýatymyz boýunça 135 müň gektarda gowaça ekişini geçirmek we şonça meýdandan hasylyň 280 müň tonnasyny öndürmek maksat edinilýär. Şoňa görä-de, welaýatymyzda gowaça ekişine ýokary taýýarlyklar bilen gelindi. Ekiji tehnikalaryň jemi 400-den gowragy, şol sanda sanly telematik ulgam ornaşdyrylan takyk ekijileriň 68-si möwsüme öňünden doly taýýar edildi hem-de tejribeli mehanizatorlara berkidildi. Welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ekiljek «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 14», «Ýolöten — 39», «Aşgabat — 140» we «Jeýhun» ýaly gowaça görnüşleriniň tohumlarynyň taýýarlygyna hem aýratyn jogapkärli çemeleşildi. Bu zatlar gowaça ekişine guramaçylykly girişmäge mümkinçilik berýär — diýip, ýaz ekişiniň öňüsyrasynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde geçirilen usuly maslahatda aýratyn bellenip geçildi.

Daýhandan hereket — ýerden bereket

Geçen hepdäniň çarşenbe güni ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi, aksakgal ýaşulularyň «Bismillasy» bilen gowaça ekişine badalga berildi. Şu gün bolsa, ýurdumyzyň demirgazyk sebiti bolan Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine girişiler. Pagtaçy kärendeçiler üçin uly şatlyk-şowhuna beslenýän şeýle dabaraly günlerde gazetimiziň ýerlerdäki habarçylary kärendeçi daýhanlar, mehanizatorlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildiler.

Ussat daýhan

Gözlegiň daýhan bolsa, ony başga nireden tapjak diýsene!? Elbetde, ep-esli aralyga uzap gidýän atyzly meýdandan taparsyň-da! Dänewli daýhan Ahmet Taşmämmedowy hem özüne ynanylan kärende meýdanyndan tapdyk. Ol hem edil beýleki kärdeşleri ýaly, topragy ekişe taýýarlamak bilen meşgul eken. Daýhan bilen tekiz sürlüp goýlan atyzlaryň arasynda gürrüňdeş bolmak biziň üçin hem ýakymly boldy. Sebäbi işleriň gidişi barada pikir alyşmak üçin işiň ýerleşýän ýerinden oňaýlysy ýok. ― Ýuwuş suwuny tutup, topragy ýaz ekişine taýýarlaýarys. «Daýhan garda dynar» diýlenem bolsa, gyşyňam işi özüne ýetik. Indi-hä bahar paslynyň ilkinji aýyny hem jemläp barýarys. Işler günsaýyn köpelýär ― diýip, 30 ýyldan gowrak iş tejribesi bolan Dänew etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi gürrüň berýär.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň köp ugurly pudaklarynyň biridir. Agrosenagat pudagynyň okgunly ösmegini şertlendirýän esasy strategiýalaryň biri-de oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn goldaw berilmeginiň döwlet tarapyndan ýola goýulmagydyr. Muňa ýakynda hormatly Prezidentimiziň agrosenagat pudagyny düýpli özgertmek we kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigini, «Türkmenpagta» döwlet konsernini hem-de «Türkmenobahyzmat» birleşiginiň döredilmegi hakyndaky Permana gol çekmegi aýdyň mysaldyr.

Möhüm möwsüme badalga

Mary welaýatynyň pagtaçylary şu ýyl 162 müň gektar meýdandan «ak altynyň» 359 müň tonnasyny ýygnap, döwlete tabşyrmagy maksat edinýärler. Şoňa görä-de olar ýaz ekişini bökdençsiz we agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin zerur bolan tagallalary etdiler. Welaýat, etrap häkimleriniň, olaryň oba hojalyk boýunça orunbasarlarynyň, häkimlikleriň beýleki jogapkär işgärleriniň, tehniki hyzmat ediş kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, geňeşlikleriň arçynlarynyň, daýhan birleşikleriniň başlyklarynyň, tejribeli kärendeçileriň we beýlekileriň gatnaşmagynda Geňeş maslahaty geçirildi. Onda gowaça ekişine guramaçylykly girişmekde, ony agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýokary hilli alyp barmakda we wagtynda tamamlamakda öňde durýan möhüm wezipeler hakynda giňişleýin gürrüň edildi.

Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi

Ýaňy–ýakynda Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçiren mejlisinde bellän möhletlerine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 20-nji martda gowaça ekişine başladylar. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bolsa bu möwsüme 27-nji martda girişerler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, ekiş möwsümi ýurdumyzyň welaýatlarynda birbada badalga aldy. Güneşli ülkämizde sahawatly türkmen topragyndan bol hasyl öndürýän daýhanlarymyzyň halal zähmet çekmegine ähli mümkinçilikler döredilýär. 

Daýhan yhlasly — toprak bereketli

Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy Pagtaçylyk daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän esasy pudaklaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçiren mejlisinde bellän möhletlerine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 20-nji martda gowaça ekişine başladylar. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bolsa bu möwsüme 27-nji martda girişerler.

Berekediň egsilmesin, topragym!

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi, il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen gowaça ekişine girişen Balkan welaýatynyň pagtaçy daýhanlary möwsümde kuwwatly traktorlara tirkelen ekijileriň 30-syny bökdençsiz işlederler. Olaryň saz işlemegi üçin önümçilik birleşiginde döredilen tehniki taýdan hyzmat ediş toparlarynyň 19-sy möwsümiň dowamynda ekin meýdanlarynda bolar. Sebit boýunça gowaça ekiljek 13 müň gektar meýdanda kuwwatly traktorlaryň 140-sy bilen sürüm, 125-si bilen tekizlemedir keş çekmek işleri öz wagtynda we agrotehniki talaplara laýyklykda geçirildi. Ekin ýerlerine barýan suwaryş ulgamlary irgözinden arassalanyp, zerur gowaça tohumy hem ýeterlik möçberde jemlendi. Möwsümde gowaçanyň ozal synagdan geçen «Ýolöten — 7», «Jeýhun» we «S-2606» tohumlary ekiler. Bu işler balkanly daýhanlaryň şu ýyl pagtanyň 16 müň tonnasyny ýygnamak baradaky meýilnamalaryny artygy bilen berjaý etjekdiklerine ynam döredýär. Gowaça ekişine Gyzylarbat etrabynyň «Batly gadam» hususy daýhan hojalygynda badalga berildi. Baýramçylyk dabarasynda welaýatyň etrapdyr şäherlerinden gelen medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Döwrebap tehniki hyzmatlar

Döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgam arkaly ýakynda geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işlerini toplumlaýyn esasda alyp barmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek üçin Daşoguz welaýatynda hem işler depginli alnyp barylýar. Häzirki wagtda demirgazyk sebitiň bugdaý ekilen meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, şu ýylyň hasyly üçin gowaça, ýazlyk ýeralma hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini tekizlemek, ýuwuş suwuny tutmak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Dürli görnüşli kuwwatly tehnikalaryň sazlaşykly hem bökdençsiz işledilmegi möwsümi bellenilen möhletlerde geçirmäge mümkinçilik berer. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak işleri hem talabalaýyk ýerine ýetirilýär. Möhüm möwsüme guramaçylykly taýýarlyk görülýän häzirki günlerde welaýat merkezindäki motor-abatlaýyş zawodynyň ähli önümçilik bölümlerinde dürli görnüşli iş gurallaryny öndürmek babatda-da netijeli işler ýola goýuldy. Welaýatyň oba hojalyk önümçiliginiň tehniki üpjünçiliginde mynasyp orun eýeleýän bu kärhanada taýýarlanylýan önümleriň möçberi, edilýän hyzmatlaryň we işleriň görnüşi ep-esli artdy. Bu ýerde tejribeli ussalaryň, ezber işçileriň 50-den gowragy zähmet çekýär. Olar eýýäm gyş döwründe oba hojalyk tehnikalaryny we dürli görnüşli iş gurallaryny düýpli abatlamak hem-de olar üçin ä

Bol hasyl — halkymyzyň rysgaly

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mukaddes Watanymyzda açyklyk, aýdyňlyk we giň bäsdeşlik esasynda geçirilen Prezident saýlawlarda, köpmilletli agzybir halkymyz tarapyndan  Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagynyň iki ýyllygynyň egsilmez buýsanç bilen baýram edilýän günlerinde, has takygy, 20-nji martda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişiniň başlanmagy täze gelen baharyň bereket bolçulygynyň buşlukçysy bolup, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalaryny has çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň daýhanlaryna döredilip berilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde gowaça ekiş möwsümini talabalaýyk geçirmek boýunça zerur işler ýerine ýetirildi.

Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi

Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçirilen mejlisinde bellän möhletlerine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 20-nji martda gowaça ekişine başladylar. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bolsa bu möwsüme 27-nji martda girişerler. Asylly däbe görä, gowaça ekişine il sylagly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadançylygy, döwlet Baştutanymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagy dileg edilip, meýdanlara ilkinji gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler.

Daýhandan hereket — ýerden bereket

AHALDA Gowaça ekişine badalga bermek dabarasynyň öňüsyrasynda Änew şäherindäki medeniýet öýünde welaýat, etrap häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daýhan birleşikleridir hojalyklarynyň ýolbaşçylarynyň, öňdebaryjy daýhanlaryň, ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen tejribe maslahatynda jogapkärli möwsümde öňde durýan wezipeler hakda gürrüň edildi. Maslahatdan soň hemmeler Ak bugdaý etrabynyň Türkmenistanyň Gahrymany M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň çägindäki ekişe badalga bermäge niýetlenen ýere ýygnandylar. Toý meýdançasynda welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Türkmeniň baý daýhançylyk däplerini açyp görkezýän tomaşalar, milli tagamlaryň görnüşleri bilen tanyşlyk örän täsirli boldy. Sportuň milli görnüşleri boýunça guralan ýaryşlardyr görkezme çykyşlary hem ildeşlerimizde uly gyzyklanma döretdi.

Bol hasyl yhlasa bagly

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararlary halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak boýunça kabul edilen möhüm çözgüt kärendeçileri, oba hojalykçylary diýseň begendirdi. Hormatly Prezidentimiziň daýhanlar üçin döredip berýän mümkinçilikleri netijesinde, kärendeçileriň ýokary hilli tohum, dökün, tehnika, suw bilen ýeterlik üpjün edilmegi bu möhüm işiň öz wagtynda ýokary hilli ýerine ýetirilmegine ýardam berýär. Döredilýän giň mümkinçilikler daýhanlaryň höwesini artdyrýar.

Tohumyň müňlesin, daýhan!

Oba hojalygynda iň bir gyzgalaňly döwür ýetip geldi. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ak pata bermegi bilen düýn welaýatymyzyň daýhanlary gowaça ekişine girişdiler. Irden welaýat häkimliginde gowaça ekişini ýokary hilli we öz wagtynda guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly geňeş-maslahat geçirildi. Welaýatymyzyň babadaýhanlary şu ýyl hem 130 müň gektar meýdanda pagta hasylynyň 320 müň tonnasyny ýygnap, döwlete tabşyrmagy maksat edinýärler. Bu maksada üstünlikli ýetmek üçin zerur bolan meseleler birin-birin seljerildi. Gowaça ekişiniň ýokary hilli geçirilmeginiň «ak altynyň» bol hasylynyň hakyky kepilidigine aýratyn üns çekildi.

Tohumyňyz müňlesin, edermen pagtaçylar!

Welaýatymyzda gowaça ekişine girişildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda welaýatymyzyň zähmetsöýer pagtaçylary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berýän hemaýat-goldawlaryndan, ýeňilliklerinden ruhlanyp, täze hasylyň düýbüni tutmak işini yhlas bilen dowam etdirýärler.

Ajaýyp döwrüň egsilmez zähmet joşguny bilen

welaýatymyzda gowaça ekişine guramaçylykly girişildi Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň 15-nji martynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde jogapkärli oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişine başlamaga ak pata bermegi welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçilerini hem joşgunly zähmete ruhlandyrdy. Şeýle zähmet joşguny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň gowaça ekişine ýokary guramaçylykly girişilmeginde aýdyň ýüze çykdy.

Topragyň bahar demi

2. Murgap boýlaryna ýaz gelipdir Gadymy heňňamlaryň gujagyndan gaýdýan heň-sedalarda şeýle diýilýär: XVIII-XIX asyrlarda türkmen topragyna syýahat edenler, myhman bolup ötenler Murgap bilen Tejen derýalarynyň aralygynda 1 put çigit taşlanan ýerden 15 — 20 put pagta alyp bolýandygyny, bugdaý, şaly, dary, jöwen, künji, mäş ýaly dürli ekinleriňdir gawun-garpyzyň diýseň bol bitýändigini agyz suwardyp ýazypdyrlar.