Tohumyň müňlesin, daýhan!

20 Mart 2024
528

Oba hojalygynda iň bir gyzgalaňly döwür ýetip geldi. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ak pata bermegi bilen düýn welaýatymyzyň daýhanlary gowaça ekişine girişdiler.

Irden welaýat häkimliginde gowaça ekişini ýokary hilli we öz wagtynda guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly geňeş-maslahat geçirildi. Welaýatymyzyň babadaýhanlary şu ýyl hem 130 müň gektar meýdanda pagta hasylynyň 320 müň tonnasyny ýygnap, döwlete tabşyrmagy maksat edinýärler. Bu maksada üstünlikli ýetmek üçin zerur bolan meseleler birin-birin seljerildi. Gowaça ekişiniň ýokary hilli geçirilmeginiň «ak altynyň» bol hasylynyň hakyky kepilidigine aýratyn üns çekildi.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW.
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.