Ussat daýhan

26 Mart 2024
460

Gözlegiň daýhan bolsa, ony başga nireden tapjak diýsene!? Elbetde, ep-esli aralyga uzap gidýän atyzly meýdandan taparsyň-da! Dänewli daýhan Ahmet Taşmämmedowy hem özüne ynanylan kärende meýdanyndan tapdyk. Ol hem edil beýleki kärdeşleri ýaly, topragy ekişe taýýarlamak bilen meşgul eken. Daýhan bilen tekiz sürlüp goýlan atyzlaryň arasynda gürrüňdeş bolmak biziň üçin hem ýakymly boldy. Sebäbi işleriň gidişi barada pikir alyşmak üçin işiň ýerleşýän ýerinden oňaýlysy ýok.

― Ýuwuş suwuny tutup, topragy ýaz ekişine taýýarlaýarys. «Daýhan garda dynar» diýlenem bolsa, gyşyňam işi özüne ýetik. Indi-hä bahar paslynyň ilkinji aýyny hem jemläp barýarys. Işler günsaýyn köpelýär ― diýip, 30 ýyldan gowrak iş tejribesi bolan Dänew etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi gürrüň berýär.

Maral AKMYRADOWA,
öz habarçymyz.