Daýhandan hereket — ýerden bereket

21 Mart 2024
712

AHALDA

Gowaça ekişine badalga bermek dabarasynyň öňüsyrasynda Änew şäherindäki medeniýet öýünde welaýat, etrap häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daýhan birleşikleridir hojalyklarynyň ýolbaşçylarynyň, öňdebaryjy daýhanlaryň, ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen tejribe maslahatynda jogapkärli möwsümde öňde durýan wezipeler hakda gürrüň edildi. Maslahatdan soň hemmeler Ak bugdaý etrabynyň Türkmenistanyň Gahrymany M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň çägindäki ekişe badalga bermäge niýetlenen ýere ýygnandylar. Toý meýdançasynda welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Türkmeniň baý daýhançylyk däplerini açyp görkezýän tomaşalar, milli tagamlaryň görnüşleri bilen tanyşlyk örän täsirli boldy. Sportuň milli görnüşleri boýunça guralan ýaryşlardyr görkezme çykyşlary hem ildeşlerimizde uly gyzyklanma döretdi.

Surata düşürenler Andreý PAKULOW, Döwlet MUHAMOW.