"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Dabaraly maslahat

Täsirli çykyşlara giň orun berildi Ýakynda “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda welaýat halk maslahatynyň, TDP-niň, TSTP-niň, TAP-nyň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TZB-niň welaýat bölüminiň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş-özgerişlere, parahatçylyga, abadançylyga gönükdirilen parasatly syýasaty dabaralanýar” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Täsirli çykyş edildi Golaýda S. Türkmenbaşy adyndaky Baýramaly şypahanasynyň mejlisler zalynda TKA-nyň Baýramaly şäher birleşmesiniň we şäher bilim bölüminiň guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Ady dünýä dolan beýik Pyragy Ýakynda şeýle at bilen Mary şäherindäki 27-nji orta mekdepde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp edebi-sazly agşam geçirildi. Bu çärä welaýat baş bilim müdirliginiň, şol müdirligiň ýanyndaky hünär derejesini kämilleşdiriş okuw merkeziniň işgärleri, welaýatymyzyň dürli künjegindäki orta mekdepleriň mugallymlary, şahyrlar, kitaphanaçylar, söz sungatyna sarpa goýýan döredijilik işgärleri we okuwçylar gatnaşdylar. Çäräni mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy Oguljahan Berdiýewa alyp bardy.

Wagyz-nesihat çäreleri

Maşgala bagtyýarlygy zenanlara bagly Ýakynda TDP-niň we TAP-nyň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TZB-niň welaýat we Türkmengala etrap bölümleriniň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň, welaýat baş bilim müdirliginiň, welaýat prokuraturasynyň, welaýat kazyýetiniň hem-de welaýat polisiýa müdirliginiň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäreleri geçirildi. Çärelere syýasy partiýalarda, jemgyýetçilik guramalarynda, şeýle hem etrabyň başga-da dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar, mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Şeýle at bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti  bilen bilelikde wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli etrabyň sport mekdebinde  geçirilen çärä edara-kärhanalaryň işgärleri, harby gullukçylar,  ýaşlar gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde ýurdumyzyň ösüşleri we hormatly Prezidentimiziň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirýän işleri baradaky söhbetlere giň orun berildi. Ynsan saglygyny gorap saklamak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmek, ösüp gelýän ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak boýunça öňde durýan wezipeler dogrusynda durmuş hakykatlaryna salgylanyp gürrüň edildi. Ýaşlaryň edep-ekramly, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri, ylym-bilim alyp, sport bilen meşgullanmaklary ündeldi. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdyldy.

Bagtyýarlyk şuglasy

Berkarar Watanymyzda toýlar goşa goşadan gelýär. Sanlyja günden halkymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi giňden belläp geçer. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, abraý-mertebesiniň synmazlygyny alamatlandyrýan ajaýyp senedir. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda bu şanly senä aýratyn ähmiýet berilýär, Watanymyzyň ähli ýerinde şatlyk-şowhuna beslenen dabaraly toý tutulýar.

Möwsüme taýýarlykly barylýar

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat we etrap birleşmeleriniň degişli hünärmenleri häli-şindi edara-kärhanalarda bolup,  zähmet toparlarynyň arasynda zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini alyp barýarlar. Galla oragynyň ýetip gelýändigi bilen baglylykda, häzirki wagtda etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň mehanizatorlarynyň arasynda şeýle mazmunly çäreler guralýar. Oba hojalygyndaky möwsümleýin işlerde tehniki howpsuzlygyň düzgünlerini berjaý etmek möhümdir. Degişli kada-düzgünleri bilmek we dogry berjaý etmek esasy şertleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we etrap birleşmeleriniň wekilleri mehanizatorlar bilen geçirýän düşündiriş işleriniň barşynda möwsümde tehniki howpsuzlygyň düzgünlerine berk eýermek boýunça gymmatly maslahatlaryny aýdýarlar. Munuň özi möwsümi guramaçylykly alyp barmaga, hasyly ýitgisiz ýygnamaga itergi bolar.

Okuw amaly maslahat işjeňlige eýe boldy

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda ýokary synp mekdep okuwçylarynyň we mugallymlaryň arasynda okuw amaly maslahat geçirildi. «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Türkmenistanyň döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda göz öňünde tutulan esasy maksatlary we wezipeleri, internet torunyň ösdürilmegi hem-de peýdalanylmagy babatda işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen okuw amaly maslahaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Ahal welaýat Geňeşi, şeýle-de Ahal welaýat Baş bilim müdirligi bilelikde gurady. Okuw maslahatda ýurdumyzda ýaş nesillere döredilýän mümkinçilikler, sanly ulgamyň ösüşi, dünýä boýunça ýaşlaryň sanly ulgamdan ezberlik bilen baş çykaryşy hakynda giňişleýin durlup geçildi. Onuň dowamynda wideoşekilli maglumatlaryň görkezilmegi bu çäräniň täsirliligine we netijeliligine oňyn täsirini ýetirdi.

Körpeler başarnygyny görkezdiler

Bäherden etrabynyň “Akja kepderi” atly 4-nji çagalar bagynda sport bäsleşigi geçirildi. Ýaş nesliň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmeklerini gazanmak we sporta höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşige etrapdaky çagalar baglarynyň körpeleri gatnaşdylar. “Kim çalasyn” atly sport bäsleşigine gatnaşyjylar hereketli oýunlaryň birnäçe görnüşi boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler. Gyzykly geçen bäsleşigiň netijesinde etrapdaky “Garlawaç” atly 8-nji çagalar bagynyň körpeleri birinji, “Çemen” atly 12-nji çagalar bagynyň topary ikinji, “Güneş” atly 5-nji çagalar bagynyň körpeleri üçünji orunlara mynasyp boldular.

WATAN GAHRYMANLARY BAKYDYR

Watan mukaddesligi hakdaky duýgular atalarymyzyň merdanalygy bilen göwünlere ornaýar. Atalardan nesillere geçýän watançylyk pentleri ömür dessanlaryna, milletiň mizemezligine öwrülýär. Merdana pederlerimize hem-de ýar ojagyny saklap oturan mähriban enelerimize goýulýan sarpa, hormat-sylag örän beýikdir. Urşa gatnaşyjylar we uruş ýyllarynda wepat bolanlaryň yzynda galan maşgalalar barada hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly alada edilýär. Olar öz merdanalygy, ýanbermez erkleri we gahrymançylyklary bilen Watanyň hatyrasy, adamlaryň bagty üçin ölmez-ýitmezlige eýe boldular. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli buýsanjy artdyrýan, halk mertebesini dabaralandyrýan her bir işe, bitirilen borja uly sarpa goýulýar. Biziň şu bagtyýar günlere ýetmegimiz üçin söweşen pederlerimiziň, tylda zähmet çeken enelerimiziň öňündäki borjumyzy duýmak Watanyň öňündäki borjumyzyň bir ülşi bolup durýar. Olaryň öz wagtynda şu günki nesil üçin görkezen gahrymançylyklary häzirki döwrüň we geljegiň öňündäki möhüm borçlarymyzy pugta ýadymyza salýar. Bagtyýar zamanamyzda Beýik Watançylyk urşunda gahrymanlyk görkezen, Watan diýip ýola çykan atalarymyza we olaryň ojagyny saklan mähriban enelerimize goýulýan sarpa, edilýän hormat-sylag örän beýik. Durmuşda şeýle hakykat bar. Beýik adamlar we olaryň bitiren işleri hiç haçan ýitip gitmeýär, unudylmaýar. Olar kähalatlarda wagtlaýynça unudyla

Ýalynly ýyllaryň edermenleri

Ynsan mertebesini belentde saklamak, Watan, il-ýurt üçin şirin janlaryny gurban eden gerçekleri hatyralamak halkymyzyň iň ajaýyp dessurlarynyň biridir. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, mertligiň, edermenligiň, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen uruş weteranlary şeýle uly hormata mynasypdyr. Ýurdumyzyň her bir raýaty üçin Watan goragy mukaddesdir. Biziň ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda öz janlaryny gurban edip, asuda we parahat durmuşy saklap galdylar, 1418 gije-gündize çeken söweşiň sahypasyna şöhratly atlaryny ýazdylar. Olaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň şöhratly durmuş ýoly ýaş nesiller üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we gahrymançylygyň aýdyň nusgasydyr.

Azyk bolçulygy üpjün edilýär

Azyk senagaty pudagyny ösdürmek hem-de ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek meseleleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky söwda merkezleriniň we bazarlaryň tekjelerinde harytlaryň dürli görnüşleriniň bol bolmagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri, şol sanda azyk önümlerini öndürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi milli ykdysadyýetimiziň azyk senagaty pudagyny ösdürmek, halkymyzyň ýokary hilli we dürli görnüşli azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak ugrunda wajyp ädime öwrüldi.

Ak bazarlar — eşretli durmuşyň nyşany

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen amala aşyrylýan beýik işleriň netijesinde ýurdumyzda bazar bolçulygynyň döredilmegi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyny alamatlandyrýar. Ata Watanymyzda badalga berilýän döwletli başlangyçlardan gözbaş alýan giň gerimli özgerişler hususy pudagyň ösüşlerine güýçli itergi berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bazar gatnaşyklaryna esaslanýan milli ykdysadyýetimiz sanly diwersifikasiýa, senagatlaşma esaslanyp, eksporta ukyply, importyň ornuny tutýan önümleri öndürýän täzeçe innowasion önümçilikler bilen has-da baýlaşdyrylýar. Munuň özi döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da güýçlendirýär, şol bir wagtyň özünde-de halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna täsir edýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda hereket edýän bazarlarda, söwda merkezlerinde rysgally saçaklarymyzyň berekedini artdyrjak azyk önümlerini, süýjülikleri we sowgatlyk harytlary satyn almaga ähli mümkinçilikler döredildi. Azyk bolçulygy, olaryň köpdürlüligi müşderilere saýlamak mümkinçiligini berýär. Söwda tekjelerindäki dürli görnüşli azyk we senagat harytlarynyň aglaba böleginiň ýurdumyzda öndürilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döw

Mani ýa-da pul harplygy oýun ýaly usul arkaly üstünlige we üpjünlige tarap

GIRIŞ Bu dünýäde baý bolmak islemeýän adam kän tapdyrmasa gerek. Käbir kişi elmy­dama baýlygyň arzuwynda bolýar. Käbir kişi bolsa durmuşda diňe bir maliýe babatda däl-de, aýry-aýry ýagdaýlar babatda baý bolmak isleýär. Umuman, adamlaryň aglabasy has bag­tyýar hem gurply ýagdaýda bolmak isleýärler.

Nädip ynjalyksyzlygy bes etmeli we ýaşap başlamaly

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Deýl KARNEGI

Bäsleşigiň welaýat tapgyry

Ýakynda Daşoguz şäheriniň «Bagt köşgi» toý dabaralar merkezinde TZB-niň Merkezi Geňeşiniň, TKA-nyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän haly gurnaklarynyň arasynda yglan edilen «Iň gowy haly gurnagy» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň esasy maksady okuwçy gyzlarda zähmetsӧýerligi, gyz edebini, ahlak gӧzelligini, türkmen gyzlaryna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemekden, ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza sarpa goýmak ýaly, asylly häsiýetleri kemala getirmekden ybaratdyr. Diýseň çekeleşikli geçen bäsleşige welaýatymyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň jemi 24-si gatnaşdy. Eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda Boldumsaz etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 57-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gülçeper Dädemyradowa, Görogly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Maýsa Bäşimowa, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Kümüş Garahanowa baýrakly orunlara mynasyp boldular we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

«Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz...»

Düýn Daşoguz atçylyk sport toplumynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky at çapyşyklary geçirildi. 6 aýlawdan ybarat bolan at çapyşyklary çekeleşikli häsiýete eýe bolup, olara gatnaşan behişdi bedewlerimiz diňe bir ýyndamlygyň däl, eýsem çydamlylygyň-da, gözelligiň-de ajaýyp nusgasyny görkezip, tomaşaçylara ruhy joşgun bagyşladylar. At çapyşyklarynyň arasynda ýaňlanan aýdym-sazlar dabaranyň şatlygyny artdyrdy. 1200 metr aralyga geçirilen birinji çapyşyga gatnaşan üçýaşar bedewleriň arasynda P.Ýegşemowyň 7-nji belgili Gyrgözel atly gyr gysragy pellehana ilkinji bolup geldi. Ol bu aralygy 1 minut 22,7 sekuntda geçmegi başardy.  Onuň çapyksuwary üçünji derejeli çapyksuwar B.Berdimuhammedow.

Arkadagly ýaş nesil at — myrat bilen geljege!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atçylyk sportuny ösdürmek babatda wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada gyzyklandy hem-de milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, olar bilen atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etdi. Gahryman Arkadagymyz akademiýanyň ýapyk manežine geldi. Bu ýerde atşynaslyga we atçylyk sportuna höwesli ýaşlar Milli Liderimizi şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesliň ata bolan höwesini mübärekläp, olar bilen söhbetdeş boldy. Ýaş nesilleriň bedew atlara bolan söýgüsiniň halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden atşynaslyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowamata atarylýandygynyň mysalydygyny belledi.

Belent maksatlar rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösýär, halk bähbitli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik ýörelgesi bu günki günde has-da rowaçlanýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar. Häzirki wagtda medeniýet diplomatiýasynyň rowaçlanmagy netijesinde halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary ösýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere eýe bolýar. Garaşsyz Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylyk söýüjilikli hem-de dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen milli medeniýetimizi, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerini dünýäde giňden wagyz edýär. Dünýä jemgyýetçiligi bilen oňyn hyzmatdaşlygy alyp barýan ýurdumyz diňe bir halkymyzyň milli bähbitlerini goramak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş adamzadyň abadan we parahat durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen halkara bähbitli başlangyçlary öňe sürýär. Şonuň üçin ýurdumyzda medeniýet diplomatiýasyny ösdürmek bilen, dost-doganlyk gatnaşyklaryna möhüm ähmiýet berilýär.

Ýaşlar röwşen geljegimizdir

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň röwşen geljegi ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi esasynda amala aşyrylýan beýik işlerde ýaşlara aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ýaşlar baradaky syýasaty ösdürmek, olarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemek, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek maksady bilen möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar.