Ýalynly ýyllaryň edermenleri

13 Maý 2024
277

Ynsan mertebesini belentde saklamak, Watan, il-ýurt üçin şirin janlaryny gurban eden gerçekleri hatyralamak halkymyzyň iň ajaýyp dessurlarynyň biridir. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, mertligiň, edermenligiň, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen uruş weteranlary şeýle uly hormata mynasypdyr.

Ýurdumyzyň her bir raýaty üçin Watan goragy mukaddesdir. Biziň ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda öz janlaryny gurban edip, asuda we parahat durmuşy saklap galdylar, 1418 gije-gündize çeken söweşiň sahypasyna şöhratly atlaryny ýazdylar. Olaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň şöhratly durmuş ýoly ýaş nesiller üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we gahrymançylygyň aýdyň nusgasydyr.

Laçyn BEKDURDYÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.
Beýleki habarlar