Ak bazarlar — eşretli durmuşyň nyşany

13 Maý 2024
315

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen amala aşyrylýan beýik işleriň netijesinde ýurdumyzda bazar bolçulygynyň döredilmegi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyny alamatlandyrýar. Ata Watanymyzda badalga berilýän döwletli başlangyçlardan gözbaş alýan giň gerimli özgerişler hususy pudagyň ösüşlerine güýçli itergi berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bazar gatnaşyklaryna esaslanýan milli ykdysadyýetimiz sanly diwersifikasiýa, senagatlaşma esaslanyp, eksporta ukyply, importyň ornuny tutýan önümleri öndürýän täzeçe innowasion önümçilikler bilen has-da baýlaşdyrylýar. Munuň özi döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da güýçlendirýär, şol bir wagtyň özünde-de halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna täsir edýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda hereket edýän bazarlarda, söwda merkezlerinde rysgally saçaklarymyzyň berekedini artdyrjak azyk önümlerini, süýjülikleri we sowgatlyk harytlary satyn almaga ähli mümkinçilikler döredildi.

Azyk bolçulygy, olaryň köpdürlüligi müşderilere saýlamak mümkinçiligini berýär. Söwda tekjelerindäki dürli görnüşli azyk we senagat harytlarynyň aglaba böleginiň ýurdumyzda öndürilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Bu ugurda oba senagatynda, hususy pudaklarda hem-de beýleki ulgamlarda uly işler amala aşyrylýar. Türkmen telekeçileri dünýäniň beýleki ýurtlarynda öndürilýän önümler bilen bäsleşip biljek önümleriň önümçiligini ýola goýmak ugrunda tagalla edýärler.

Jumamuhammet MAHMYDOW,
TKA-nyň Gyzylarbat etrap birleşmesiniň hasapçysy.
Beýleki habarlar