Belent maksatlar rowaçlanýar

12 Maý 2024
462

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösýär, halk bähbitli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik ýörelgesi bu günki günde has-da rowaçlanýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar. Häzirki wagtda medeniýet diplomatiýasynyň rowaçlanmagy netijesinde halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary ösýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere eýe bolýar. Garaşsyz Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylyk söýüjilikli hem-de dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen milli medeniýetimizi, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerini dünýäde giňden wagyz edýär. Dünýä jemgyýetçiligi bilen oňyn hyzmatdaşlygy alyp barýan ýurdumyz diňe bir halkymyzyň milli bähbitlerini goramak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş adamzadyň abadan we parahat durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen halkara bähbitli başlangyçlary öňe sürýär. Şonuň üçin ýurdumyzda medeniýet diplomatiýasyny ösdürmek bilen, dost-doganlyk gatnaşyklaryna möhüm ähmiýet berilýär.

Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar