WATAN GAHRYMANLARY BAKYDYR

13 Maý 2024
236

Watan mukaddesligi hakdaky duýgular atalarymyzyň merdanalygy bilen göwünlere ornaýar. Atalardan nesillere geçýän watançylyk pentleri ömür dessanlaryna, milletiň mizemezligine öwrülýär. Merdana pederlerimize hem-de ýar ojagyny saklap oturan mähriban enelerimize goýulýan sarpa, hormat-sylag örän beýikdir. Urşa gatnaşyjylar we uruş ýyllarynda wepat bolanlaryň yzynda galan maşgalalar barada hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly alada edilýär. Olar öz merdanalygy, ýanbermez erkleri we gahrymançylyklary bilen Watanyň hatyrasy, adamlaryň bagty üçin ölmez-ýitmezlige eýe boldular.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli buýsanjy artdyrýan, halk mertebesini dabaralandyrýan her bir işe, bitirilen borja uly sarpa goýulýar. Biziň şu bagtyýar günlere ýetmegimiz üçin söweşen pederlerimiziň, tylda zähmet çeken enelerimiziň öňündäki borjumyzy duýmak Watanyň öňündäki borjumyzyň bir ülşi bolup durýar. Olaryň öz wagtynda şu günki nesil üçin görkezen gahrymançylyklary häzirki döwrüň we geljegiň öňündäki möhüm borçlarymyzy pugta ýadymyza salýar. Bagtyýar zamanamyzda Beýik Watançylyk urşunda gahrymanlyk görkezen, Watan diýip ýola çykan atalarymyza we olaryň ojagyny saklan mähriban enelerimize goýulýan sarpa, edilýän hormat-sylag örän beýik. Durmuşda şeýle hakykat bar. Beýik adamlar we olaryň bitiren işleri hiç haçan ýitip gitmeýär, unudylmaýar. Olar kähalatlarda wagtlaýynça unudylaýanda-da, irde-giçde uly bir hakykat bolup, ulus-iliň hakydasyna dolýar.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar