«Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz...»

13 Maý 2024
440

Düýn Daşoguz atçylyk sport toplumynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky at çapyşyklary geçirildi. 6 aýlawdan ybarat bolan at çapyşyklary çekeleşikli häsiýete eýe bolup, olara gatnaşan behişdi bedewlerimiz diňe bir ýyndamlygyň däl, eýsem çydamlylygyň-da, gözelligiň-de ajaýyp nusgasyny görkezip, tomaşaçylara ruhy joşgun bagyşladylar. At çapyşyklarynyň arasynda ýaňlanan aýdym-sazlar dabaranyň şatlygyny artdyrdy.

1200 metr aralyga geçirilen birinji çapyşyga gatnaşan üçýaşar bedewleriň arasynda P.Ýegşemowyň 7-nji belgili Gyrgözel atly gyr gysragy pellehana ilkinji bolup geldi. Ol bu aralygy 1 minut 22,7 sekuntda geçmegi başardy.  Onuň çapyksuwary üçünji derejeli çapyksuwar B.Berdimuhammedow.

Beýleki habarlar