"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

BYD London üçin täze iki gatly awtobuslary ibermegi meýilleşdirýär

Hytaýyň BYD awtomobil öndürijisi Angliýanyň paýtagtyny iki gatly awtobuslar bilen üpjün etmek boýunça bäsleşige gatnaşýar. Geçen hepde Londonda BYD BD11 awtobusy tanyşdyryldy. Täze iki gatly awtobus kuwwaty 532 kw sagat bolan hem-de takmynan 640 km ýol geçmäge ýetýän Blade batareýasyndan işleýär.

Döwrüň talabyndan ugur alyp

Mälim bolşy ýaly, 25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekmegi ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda täze, möhüm ädimleriň biri boldy. Şu mynasybetli düýn Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň binasynyň mejlisler jaýynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa ministrligiň ýolbaşçy düzümi, Milli bilim institutynyň hünärmenleri, Mejlisiň deputatlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, umumybilim edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Turuwbaşdan işjeň häsiýet mahsus bolan maslahatda Milli bilim institutynyň hünärmenleriniň, mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň pedagogika, psihologiýa kafedralarynyň professor-mugallymlarynyň we beýleki bilim işgärleriniň öňdebaryjylarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Ilki bilen, çykyş edenler ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlarynyň, mugallymlarynyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan «Soňky jaň» dabarasynyň geçirilýän gününde döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny we ony amala aşyrmak boýunça

Dünýä nusgalyk sungat

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza belent sarpa goýulýar. 17-nji maýda mermer paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly ýokary derejeli forumyň guralmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň hem-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň gatnaşmaklary forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Türkmen halky hemişe beýleki halklar bilen dostlukly gatnaşyklara aýratyn üns beripdir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklar köpasyrlyk taryha, baý tejribä eýedir. Beýik Ýüpek ýoly döwründen bäri hytaý halky bilen arkama-arka dowam edip gelýän gatnaşyklar muňa aýdyň mysaldyr. Ýurtlarymyzy birleşdiren gadymy kerwen ýoly netijeli söwda işleri üçin köpri bolmak bilen birlikde, medeni gatnaşyklaryň ilerlemegine-de giň ýol açypdyr. Häzirki döwürde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda uly tagalla edilýändigini gürrüňi gidýän forum aýdyň görkezdi. Dostlukly gatnaşyklaryň çäginde zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna aýratyn üns berilmegi

Döwrebap işewürlik desgalary

Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda işewürlik maksatly binalaryň birnäçesi açylyp, ulanylmaga berildi. Täze binalaryň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, il sylagly ýaşulular, eneler, şäherimiziň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdy. Binalaryň gurluşygyny ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan amala aşyryldy. Döwrebap desgalar paýtagtymyzyň bu künjegine aýratyn görk berýär. Olar ýurdumyzyň hususy düzümlerine özleriniň işewürlik maksatly işlerini alyp barmaga amatly mümkinçilikleri döredýär.

Täze jaýlaryňyz gutly bolsun!

Türkmenistanda 2022—2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, her ýylda paýtagtymyzda hem ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaşaýyş, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň ençemesi açylyp, ulanylmaga berilýär. Aşgabat ajaýyp binagärlik sazlaşygy bolan täze desgalaryň we kaşaň binalaryň gurulmagy bilen gün-günden gözelleşýär. Şäher düzümi yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň etraplarynyň durky tutuşlygyna täzelenildi, täze iri ýaşaýyş toplumlary emele geldi, durmuş hem-de beýleki maksatly köp sanly desgalar guruldy. Şu ýylyň 25-nji maýynda hem paýtagtymyzda täze binalaryň birnäçesiniň açylyş dabarasy boldy. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýy açylyp, ulanylmaga berildi.

Haýyr-sahawat gaznasynyň işine ilatyň hoşallygy çäksiz

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, enäniň we çaganyň saglygyny has-da gowulandyrmak, zenanlary reproduktiw döwründe ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek, maşgala medeniýetini kämil derejä ýetirmek ugrunda ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar. Ylmyň soňky gazanan döwrebap tehnologiýalary bilen üpjün edilen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň açylyp ulanylmaga berilmegi ýurdumyzda eneleriň we çagalaryň saglygy bilen bagly meselelere uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Üstünlikli jemlenen halkara bäsleşik

23 — 25-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletlerinden, Türkiýe Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 200-den gowrak gatnaşyjy hasaba alyndy. Has takygy, bäsleşige daşary ýurtlaryň 9-syndan 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-a golaý, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlar gatnaşdy. Bu halkara bäsleşigiň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilmegi ýaş diplomatlaryň bilimlerini çuňlaşdyrmaga, daşary ýurtly ugurdaş hünärmenler bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilendir. Muňa bäsleşige gatnaşyjylar bilen söhbetdeş bolanymyzda hem aýdyň göz ýetirdik. Saeed Seyed agha BANIHASHEMI,Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy we halkara ylmy barlaglary institutynyň mugallymy:

Redaksiýanyň elektron poçtasyndan: watan@sanly.tm

Ökdeler öňe saýlandy Golaýda Akdepe etrabynyň Andalyp şäherindäki 105-nji orta mekdepde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Halyçy uçurym» hem-de «Gülüň owadan» atly bäsleşikler geçirildi. Ony TMÝG-niň Akdepe etrap bölümi bilen etrabyň bilim bölümi bilelikde gurady. Oňa etrapdaky umumy bilim berýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçy gyzlary gatnaşdy.

Täze binalar toý şatlygyny goşalandyrdy

Ýurdumyzda Aşgabat şäheriniň güni uly dabaralar bilen bellenilip geçildi. Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde 25-nji maýda paýtagtymyz Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynyň we işewürlik maksatly binalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi bütin halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Ilki bilen, Bagtyýarlyk etrabynyň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaranyň geçirilendigini bellemek gerek. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary, täze öýlere göçüp gelen maşgalalar boldy.

Ýoly ýörän ýeňer (Oýlanma)

Üstünden käýarym bir daz ýasaýan ulaglar oňa bu gije-de uky mazasyny bermediler. Ana, indem motor barýar. «Beýý, tükenmediler-le bular» diýip, başymy ýassyga goýsam, olam bolanok. Köçeden däl-de, edil gulagymyň düýbünden ýöräp barýan ýaly ulaglar. Şu ikarada uly maşyn nireden çykdy diýsene, hana, olam alagoh bolup geçip gitdi. «Wah, aslynda, ýol bolan özüň bolma!» diýip, ýürekdeşlik üçin turup, derwezeden boýnumy uzatdym. Dym-dyrslyk. Azajygam bolsa, saýpallady ulaglar. Oklaw ýaly ýollar çyralaryň ýagtysyna edil häzir suratkeşleriň çekýän suratyna meňzeýär. Oturyp çekseň olary. Ýöne bu köçede meniň tanaýanlarymdan ony şeýdip çekip biljek ýekeje adam hem ýaşanok.

Ajaýyp sungata sarpanyň dabarasy

Welaýatymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi Garaşsyz ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzyň edara-kärhanalarynda, bilim, medeniýet merkezlerinde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreler birnäçe gün dowam edip, olara bu sungatyň janköýerleri, ýaşlar, ussat halyçylar uly höwes bilen gatnaşdylar. Düýn baýramçylyk mynasybetli, Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirilen dabara köpleriň ünsüni çekip, ildeşlerimizde ýakymly täsirleri galdyrdy.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Sanly ulgamyň ösüşli gadamlary Ýakynda Mary şäher häkimliginiň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň, şäher prokuraturasynyň, şäheriň polisiýa bölüminiň, welaýat baş bilim müdirliginiň, “Marytelekom” welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň bilelikde guramagynda welaýat medeniýet köşgünde “Sanly ulgamyň ösüşli gadamlary — ýaşlaryň röwşen geljegi” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Türkmen halylary — naýbaşy sungat eseri

26-njy maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçirildi. Dabaraly çäreleriň öňüsyrasynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde sergi guraldy. Onuň çäklerinde haly sungatynyň nusgawy we döwrebap görnüşleri görkezildi. Muzeý bilen ýanaşyk meýdançada ýaýbaňlandyrylan obanyň her bir künjeginde halyçylaryň döredijilikli zähmeti, haly dokalyşynyň yzygiderliligi şöhlelendirildi.

Türkmen halysynyň baýramy dabaraly bellenilip geçildi

Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi — hyzmatdaşlygyň täze ugry Welaýat häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň ýanyndaky toý mekanynda geçirilen dabaraly maslahat Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanyldy. Welaýat häkimliginiň, TZB-niň welaýat bölüminiň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen dabaraly maslahat — «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly forum — hyzmatdaşlygyň täze ugry» diýlip atlandyryldy. Maslahata TZB-niň welaýat bölüminiň geňeş agzalary, etrap-şäher zenanlar bölümleriniň işjeň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatynyň agzalary, bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, ussat halyçy we çeper elli keşdeçi gelin-gyzlar hem-de mährem eneler gatnaşdylar.

Baýramçylyk çäresi

Türkmen halysy — türkmeniň kalby Golaýda şeýle at bilen etrabymyzdaky 8-nji çagalar bakja-bagynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu dabara TMÝG-niň etrap geňeşi etrapdaky 5,7,8-nji çagalar baglary bilen bilelikde geçirilip, ol her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlandy. Dabara TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri, işjeň agzalary, 5,7,8-nji çagalar baglarynyň terbiýeçileri we körpeleri gatnaşdylar.

“Ýaşyl ýaýla” çagalara garaşýar

2023-2024-nji okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen, mekdep okuwçylary tomusky dynç alşyna çykdylar. Şonuň bilen baglylykda, mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny manyly geçirmeklerini gazanmak ugrundaky tagallalaryň çäginde Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki “Ýaşyl ýaýla” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde ýaş nesli kabul etmek üçin ähli taýýarlyk işleri talabalaýyk geçirildi. Möwsümiň dowamynda mekdep okuwçylarynyň ýüzlerçesine welaýat häkimligine degişli bolan bu çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde şadyýan dynç alyş garaşýar. Çagalary dynç alyş-sagaldyş merkezinde aýdym-sazly çykyşlar astynda dabaraly garşylamak boýunça degişli taýýarlyk işleri görüldi.

Gymmatly eser

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň uly ähmiýeti bardyr. Şu şatlykly günlerde şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularyny özünde jemleýän «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy şanly ýylymyzyň buýsançly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Gündogaryň beýik akyldar şahyry, dana atamyz Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak babatda taýsyz tagalla edilýän döwürde «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy ildeşlerimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy.

Söwda toplumynda «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

23-nji maýda Söwda toplumynyň binasynda TürkmenistanyňYlymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan «Magtymguly» ady bilen taýýarlanylan beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Söwda toplumynyň düzümindäki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, edebiýat we sungat işgärleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew giriş sözi bilen çykyş etdi. Wise-premýer «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan beýik söz ussadynyň edebi mirasynyň öwrenilmegi, dünýäniň edebiýat sahnasynda giňden wagyz edilmegi üçin döredilýän mümkinçilikler dogrusynda belläp, munuň Gündogaryň beýik akyldaryna goýulýan sarpadan nyşandygyny nygtady.

Söwda toplumynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

20-nji maýda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň mejlisler zalynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji Demokratik partiýa guramasynyň başlygy Gurbanmämmet Rejepowyň alyp barmagynda geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň jogapkär işgäri, polisiýanyň podpolkownigi Nepesgylyç Halymow, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekili Akbibi Täçmämmedowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygynyň orunbasary Hydyr Myradow, şeýle hem degişli partiýa guramalaryň wekilleriniň birnäçesi çykyş etdiler.

Tebigatyň roýy siňen sungat

Düýn Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmen halysynyň milli muzeýinde haly we haly önümlerine bagyşlanan dabara geçirildi.