Dünýä nusgalyk sungat

28 Maý 2024
331

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza belent sarpa goýulýar. 17-nji maýda mermer paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly ýokary derejeli forumyň guralmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň hem-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň gatnaşmaklary forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Türkmen halky hemişe beýleki halklar bilen dostlukly gatnaşyklara aýratyn üns beripdir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklar köpasyrlyk taryha, baý tejribä eýedir. Beýik Ýüpek ýoly döwründen bäri hytaý halky bilen arkama-arka dowam edip gelýän gatnaşyklar muňa aýdyň mysaldyr. Ýurtlarymyzy birleşdiren gadymy kerwen ýoly netijeli söwda işleri üçin köpri bolmak bilen birlikde, medeni gatnaşyklaryň ilerlemegine-de giň ýol açypdyr. Häzirki döwürde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda uly tagalla edilýändigini gürrüňi gidýän forum aýdyň görkezdi. Dostlukly gatnaşyklaryň çäginde zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna aýratyn üns berilmegi bu babatda durmuşa geçirilýän işleriň işjeňleşmegine giň şertleri döredýär. Halypamyz Ogulgerek Berdimuhamedowa maslahatda eden çuňňur manyly çykyşynda maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamakda, nesil terbiýesinde, nepislik döretmekde olara uly paýyň düşýändigini nygtady. Ähli zadyň maşgaladan başlanýandygyny, şondan gözbaş alýandygyny durmuş tejribeleri subut edip gelýär. Forum başlamazdan ozal hanym Şen Ýueýue bilen söhbetdeşlikde Milli Liderimiziň maşgalasynyň ýanyndaky agtyjagy Aýjereniň geçen ýyl atasy bilen Hytaýda bolan mahalynda özüne sowgat berlen panda gurjagyndan täsirlenip, ony şekile geçirip, şonuň esasynda keşde taýýarlandygyny aýdyp, hormatly myhmandan şol işini HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň maşgalasyna gowşuryp bermegini haýyş etmegi örän tolgundyryjy pursat boldy. Munuň özi zenanlarymyzyň asylly, edepli, eli çeper nesilleri terbiýelemekde gymmatly zähmetiniň miwesi hökmünde kabul edildi. Şonda myhman Aýjereniň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän şeýle işi ýerine ýetirmäge başarnygynyň türkmeniň gadymdan gelýän ýörelgeleriniň mynasyp derejede nesilden-nesle geçirilmeginiň buýsandyryjy ýagdaýdygyny belläp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň maşgalasyna iberilen sowgat üçin hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa we agtyjagyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Akjemal DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar