Söwda toplumynda «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

27 Maý 2024
554

23-nji maýda Söwda toplumynyň binasynda TürkmenistanyňYlymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan «Magtymguly» ady bilen taýýarlanylan beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Söwda toplumynyň düzümindäki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, edebiýat we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynda, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew giriş sözi bilen çykyş etdi. Wise-premýer «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan beýik söz ussadynyň edebi mirasynyň öwrenilmegi, dünýäniň edebiýat sahnasynda giňden wagyz edilmegi üçin döredilýän mümkinçilikler dogrusynda belläp, munuň Gündogaryň beýik akyldaryna goýulýan sarpadan nyşandygyny nygtady.

Gurbanmämmet REJEPOW,
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji Demokratik partiýa guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar