“Ýaşyl ýaýla” çagalara garaşýar

27 Maý 2024
387

2023-2024-nji okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen, mekdep okuwçylary tomusky dynç alşyna çykdylar. Şonuň bilen baglylykda, mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny manyly geçirmeklerini gazanmak ugrundaky tagallalaryň çäginde Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki “Ýaşyl ýaýla” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde ýaş nesli kabul etmek üçin ähli taýýarlyk işleri talabalaýyk geçirildi.

Möwsümiň dowamynda mekdep okuwçylarynyň ýüzlerçesine welaýat häkimligine degişli bolan bu çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde şadyýan dynç alyş garaşýar. Çagalary dynç alyş-sagaldyş merkezinde aýdym-sazly çykyşlar astynda dabaraly garşylamak boýunça degişli taýýarlyk işleri görüldi.

Azat HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar