Döwrüň talabyndan ugur alyp

28 Maý 2024
215

Mälim bolşy ýaly, 25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekmegi ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda täze, möhüm ädimleriň biri boldy. Şu mynasybetli düýn Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň binasynyň mejlisler jaýynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa ministrligiň ýolbaşçy düzümi, Milli bilim institutynyň hünärmenleri, Mejlisiň deputatlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, umumybilim edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Turuwbaşdan işjeň häsiýet mahsus bolan maslahatda Milli bilim institutynyň hünärmenleriniň, mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň pedagogika, psihologiýa kafedralarynyň professor-mugallymlarynyň we beýleki bilim işgärleriniň öňdebaryjylarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Ilki bilen, çykyş edenler ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlarynyň, mugallymlarynyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan «Soňky jaň» dabarasynyň geçirilýän gününde döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklap bermeginiň ähli bilim işgärlerini has-da begendiren, täze üstünliklere ruhlandyran waka bolandygyny aýtdylar.

Toýly MUHAMMETDURDYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar