Haýyr-sahawat gaznasynyň işine ilatyň hoşallygy çäksiz

27 Maý 2024
272

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, enäniň we çaganyň saglygyny has-da gowulandyrmak, zenanlary reproduktiw döwründe ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek, maşgala medeniýetini kämil derejä ýetirmek ugrunda ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar. Ylmyň soňky gazanan döwrebap tehnologiýalary bilen üpjün edilen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň açylyp ulanylmaga berilmegi ýurdumyzda eneleriň we çagalaryň saglygy bilen bagly meselelere uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Sapar ATABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar