"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Älem-jahan — mähir mukamy

Düýn — 12-nji dekabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Oňa ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Ata Watan Bitarap

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzyň strategik hyzmatdaşy hasaplanylýan döwletleriň biri-de Türkiýe Respublikasydyr. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar iki doganlyk halkyň umumy taryhy kökleriniň birligine hem-de Türkmen döwletiniň ynsanperwerligini, parahatçylyk söýüjiligini dünýä ýüzüne äşgär edýän oňyn Bitaraplygyna daýanýar. Hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän berkarar döwletiň halkara abraýy, dünýä bileleşiginiň durmuşynda tutýan orny has-da ýokarlanýar. Ata Watanymyzyň halkara giňişliginde mynasyp orny eýeläp, dünýä ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýaş nesilleriň baýramçylyk joşguny

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli dabaralar welaýatymyzyň çar künjüni gurşap aldy. Golaýda şeýle çäreleriň biri welaýat kitaphanasynda welaýat çagalar kitaphanasynyň hem-de Daşoguz şäherindäki 9-njy orta mekdebiň bilelikde guramagynda «Bitaraplyk — bagtyýarlyk bahary» ady bilen geçirildi. Oňa kitaphana işgärleri we mugallymlar uly höwes bilen gatnaşdylar. Onda welaýat çagalar kitaphanasynyň direktory Aýna Taganowa, 9-njy orta mekdebiň müdiri Alma Hojaýewa, mekdebiň mugallymy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Şahadat Seidnazarowa, kitaphana işgärleri Annagül Pollyýewa, Jahan Hudaýbergenowa, Sapargül Saparowa dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, bu belent derejämiziň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäki orny barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Toýly jaý bolsun!

Golaýda  Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşliginiň çäginde 4 gatly, 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 6-synyň açylyş dabarasy boldy. Bu bagtyýar maşgalalara hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk toýy mynasybetli Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ajaýyp toý sowgady boldy. «Joşgun bina» hususy kärhanasy tarapyndan gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap ýaşaýyş jaýlary 288 hojalyga niýetlenendir. Raýatlarymyzyň rahat ýaşamaklary üçin içinde ähli mümkinçilikleri döredilen jaýlaryň giň we ýagty otaglarynda dürli döwrebap mebeller ýerleşdirilipdir. Aýdym-sazly çykyşlar jaý toýlaryny toýlaýan raýatlarymyza we oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. «Joşgun bina» hususy kärhanasynyň gurluşykçy inženerlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Dilleri senaly ýaşulularymyz we dabara gatnaşýan myhmanlar bagtyýar maşgalalaryň jaýlaryna aýlanyp, toý toýlaýan agzybir maşgalalaryň jaý toýlaryna gatnaşdylar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda durmuşa geçirýän işleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözler aýdyldy.

Goşa şatlyga beslendi

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň ýaşaýjylary üçin «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Ýakynda olar 300 hojalyga niýetlenilip gurlan täze döwrebap «Galkynyş» şäherçesiniň açylyş dabarasyna ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdy. Halkara Bitaraplyk gününiň – ata Watanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygynyň öň ýanyndaky günlerde bolup geçen bu taryhy waka tutuş Günbatar sebitiň ýaşaýjylarynyň Arkadagly Serdarymyza, berkarar Diýarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrdy.  Şäherçäniň  gurluşygyny Balkan welaýat häkimliginiň, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň buýurmalary esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň baş potratçy bolmagynda üstünlikli amala aşyryldy. Giň howlulardaky ýaşaýyş jaýlary, şäherçede bina edilen 200 orunlyk medeniýet öýi, 320 orunlyk mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, iki sany dükan, 300 orunlyk metjit, Geňeşligiň edara binasy, saglyk öýi, aragatnaşyk ulgamynyň binasy, ýangyn howpsuzlygy bölüminiň edarasy, çagalar üçin oýun meýdançasy, seýilgäh toplumy we gaýry desgalar bilen täsin bir sazlaşygy emele getirdi.

Abadançylygyň we parahatçylygyň dabaralanmagy

Şu gün agzybir türkmen halky Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Halkara Bitaraplyk gününi uludan baýram etdi. Bu şanly sene mynasybetli Diýarymyzyň ähli ýerinde baýramçylyk çäreleridir aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Welaýatymyzyň ýaşaýjylary-da naýbaşy baýramlarymyzyň biri bolan Bitaraplyk gününi uly ruhubelentlik we agzybirlik bilen garşyladylar. Baýramçylyk çäreleri Türkmenabat şäherindäki Baş Baýdak meýdançasynda guralan dabaradan badalga aldy. Ir ertirden dabaralar meýdançasyna etrap-şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşulular, welaýatymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri, edara-kärhanalaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet-sungat ussatlary we talyp ýaşlar ýygnandylar.

Parahatçylygy dünýä ýaýýan ajaýyp baýramçylyk

Welaýatymyzda Halkara Bitaraplyk güni ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi

Barha rowaçlyklara beslenýär Bitaraplyk ýolumyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýörelgeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan Watanymyz Merkezi Aziýada we tutuş dünýäde durnuklylygyň oňyn ýagdaýyny emele getirmek bilen sebitde möhüm orny eýeleýär. Düşünişmek, ylalaşmak, parahat, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine wepalylyk bu häsiýetleriň ählisi türkmene asyrlarboýy mahsus bolan häsiýetler. Buýsandyrýan ýeri, milletimiziň zandyna ornan şol häsiýetler häzirki wagtda-da dowam etdirilýär. Onda-da diňe öz halkymyzyň bähbitlerini nazara alman, eýsem, dünýä halklarynyň hem parahatçylygyny gazanmagy esas edinýär. Bu günki gün bolsa şol milli häsiýetlerimiz türkmen Bitaraplygynyň mysalynda aýdyň şuglalanýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ýurdumyzyň ynsanperwerlige esaslanýan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy barha rowaçlyklara beslenýär. Çünki Türkmenistan BMG tarapyndan dünýäde resmi taýdan iki gezek ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet hökmünde öz üstüne alan umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarly bolmak, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulyşmazlyk, sebit we dünýä möçberinde dostluk, parahatçylyk söýüjilikli hem-de özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermek ýaly borçnamalaryna

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!

Dia­log — pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li

Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni hem-de Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da dür­li baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri ge­çi­ril­di. Şol çä­re­ler­de hal­ky­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­za hem-de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň yzy­gi­der­li ar­şa gal­ýan hal­ka­ra ab­ra­ýy­na buý­san­jy, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dur­nuk­ly­ly­gyň bäh­bi­di­ne hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk­da alyp bar­ýan, dur­mu­şa ge­çir­ýän iş­le­ri­niň äh­lu­mu­my äh­mi­ýe­ti da­ba­ra­lan­dy. Şeý­le baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň bi­ri düýn paý­tag­ty­myz­da­ky «Ýyl­dyz» myh­man­ha­na­sy­nyň mas­la­hat­lar za­lyn­da ge­çi­ril­di. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li hal­ka­ra äh­mi­ýet­li çä­re­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, «Dia­log — pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» at­ly hal­ka­ra mas­la­hat­dyr.

Dost-doganlygyň aýdyň ýoly

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy­ny, howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­de dün­ýä­de be­lent ab­ra­ýa eýe bol­mak bi­len, baý dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny tu­tuş adam­za­dyň bäh­bi­di­ne gö­nük­dir­mä­ge ça­lyş­ýar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­dä­ki iş­jeň­li­gi bar­ha art­ýar. Hä­zir­ki döwürde birnäçe ýurt bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­dy. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Nýu-Ýork­da­ky, Že­ne­wa­da­ky we We­na­da­ky ştab-kwar­ti­ra­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň öz he­mi­şe­lik we­kil­ha­na­la­ry bar. Bi­ziň ýur­du­myz hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň 50-ä go­la­ýy­nyň ag­za­sy bo­lup dur­ýar. Şol bir wagt­da Türk­me­nis­tan 150-den gow­rak hal­ka­ra kon­wen­si­ýa­la­ra, şert­na­ma­la­ra we beý­le­ki köp­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gat­naş­ýar. Döw­le­ti­miz pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň, ösü­şiň ga­za­nyl­ma­gy ug­run­da baş­lan­gyç­lar bi­len yzy­gi­der­li çy­kyş ed­ýär. Se­bit­de hem dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy ber­kit­mek Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň stra­te­gi­ki ug­ry bo­lup dur­ýar. Mu­nuň özi, bir ta­rap­dan, Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr, beý­le­ki bir ta­rap­dan, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly

Ba­ky Bi­ta­rap­lyk — ba­ky bagt

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li, oý­la­ny­şyk­ly we pa­ra­sat­ly da­şa­ry sy­ýa­sa­ty se­bit­de hem-de tu­tuş dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň da­ba­ra­lan­ma­gy­na, halk­la­ryň hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry­ny has-da je­bis­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Şeý­le­lik­de, ýur­du­myz Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­myz ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­gä­mi­zi dün­ýä ýaý­ýar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk ýol-ýö­rel­ge­si­niň giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni da­ba­ra­lan­dyr­mak, döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä­dä­ki or­nu­ny mun­dan beý­läk-de ber­kit­mek ba­bat­da äh­mi­ýet­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň ro­waç­lan­ma­gy­na uly go­şant goş­ýan döw­let hök­mün­de giň­den ta­nal­ýar. Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň ösüş­le­ri­niň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan aja­ýyp se­ne­dir.

Bitaraplyk

Bitaraplyk — berkararlyk binýady, Bitaraplyk — baky bagta badalga.

Hemişelik Bitaraplyk – parahatçylygyň mizemez binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli beýik işler, dabarasy dünýä dolýan şanly wakalar merdana halkymyzyň şöhratly taryhyna bu gün altyn harplar bilen ýazylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýokary derejede geçirilýän hemişelik Bitaraplygymyzyň 27  ýyllyk baýramynyň hem eziz Diýarymyzyň şöhratly taryhynda ýatdan çykmajak aýratyn wakalaryň biri boljakdygyny aýtmak biziň üçin uly buýsançdyr. Ýurt abadançylygyny we agzybir durmuşy ähli zatlardan belentde goýýan mähriban halkymyz bu gün Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň her bir pursatlaryny ýokary zähmet üstünliklerine besläp, giň möçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Halkymyzyň asyrlarboýy arzuw eden asudalyk, agzybirlik we jebislik hakyndaky isleg-arzuwlary geçen asyryň ahyrlarynda, has takygy, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda doly hasyl boldy. 2015-nji «Bitaraplyk we parahatçylyk» ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 20 ýyllyk şanly toýunyň bellenilen ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitaraplyk hukugymyzyň gaýtadan ykrar edilmegi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň parahatsöýüjilikli sebit we dünýä ähmiýetli beýik başlangyçlarynyň dünýä döwletleri tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Gahryman Arkada

Dün­ýä nus­ga­lyk ýö­rel­ge

Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­tyn­dan ugur alyp, dün­ýä­de, se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, äh­li döw­let­ler bi­len dost­luk­ly we öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek, hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na yg­rar­ly­lyk ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň öze­ni­ni düz­ýär. 1995-nji ýyl Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň mil­li se­ne­na­ma­sy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan ýyl bo­lup ta­ry­ha gir­di. Bu se­ne­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­sy bi­len ýur­du­my­zyň Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy yk­rar edil­di. Şeý­le hem 2015-nji ýyl­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si 193 döw­le­tiň gol­da­ma­gyn­da ikin­ji ge­zek yk­rar edil­di. Bu ta­ry­hy wa­ka ýur­du­my­zyň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ýyl ýaz­gy­sy­ny zer se­tir­ler bi­len be­ze­di.

Parahatçylygyň we abadançylygyň daýanjy

 «7/24. tm», № 50 (133) Bi­ler­men­ler ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň eme­le gel­şi­niň ta­ry­hy ba­ra­da, şeý­le-de ýur­du­my­zyň ada­lat­ly dün­ýä ter­ti­bi­ni dö­ret­mek ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär.

12-nji dekabrda bolup geçen taryhy wakalar

 «7/24. tm», № 50 (133) 1. 1817-nji ýyl­da Mosk­wa­da ma­než açy­lyp­dyr.

«Bitaraplyk – baky bagtym» atly döredijilik bäsleşigi

 «7/24. tm», № 50 (133) Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň we Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly­nyň Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çir­ýän «Bi­ta­rap­lyk — ba­ky bag­tym» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň je­mi jem­len­di.

Bitaraplygyň aýdyň ýoly

Türkmen halky Türkmenistan Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllyk toýuna uly ruhubelentlik bilen barýar. Ýurdumyzda hemişelik Bitaraplyk derejesi abadançylygy we asudalygy berkarar etmek bilen bir hatarda, sebitde hem-de dünýäde ylalaşdyryjy merkez hökmünde Watanymyzyň abraýyny has-da artdyrýar.

Bitaraplyk — dost, doganlyk daýanjy

Her bir gün berkarar döwletimiziň bagtyýar halky täze ösüşler bilen galkynýar. Hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüşiň esasyny düzýän nurana ak ýollary bilen röwşen geljegine sary ynamly barýan eziz Diýarymyz dünýäde ösüşleriň ýurdy, parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde uly meşhurlyga eýe boldy. Bu buýsandyryjy hakykat biziň her birimizi çäksiz buýsandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň ösüş-özgerişlere, toý-baýramlara beslenýän zamanasy bolup, göwünleri galkyndyrýar. Bu hakykat ajaýyp döwrümiziň adyna mynasyp bagtyýarlyk döwri bolup, bu günki gün agzybir türkmen halkynyň berkararlygyň eýesidigini dünýä ýaýýar. Müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bolan halkymyz üçin agzybirlik, bagtyýarlyk düşünjesiniň çuňňur many-mazmuny ýüze çykýar. Agzybirlik, jebislik we bitewilik ýaly ata-baba gelýän mukaddes ýörelgelerimiz häzirki döwürde döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ykdysady ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň hem rowaçlyklarymyzyň gözbaşy bolan bu mukaddes ýol-ýörelgäniň bagtyýarlyk zamanamyzda has-da pajarlaýandygynyň şaýady bolmak örän guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bütin dünýäde adamzadyň iň gymmatly ynsanperwerlik ýörelgelerini — parahatçylyk, özara düşünişmek, dostluk, birek-birege hormat goýmak ýaly möhüm ugurlaryny dabaralandyrýar. Halkymyzyň bäş müň ýyllyk şöhratly taryhy Bitarapl