Hemişelik Bitaraplyk – parahatçylygyň mizemez binýady

11 Dekabr 2022
789

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli beýik işler, dabarasy dünýä dolýan şanly wakalar merdana halkymyzyň şöhratly taryhyna bu gün altyn harplar bilen ýazylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýokary derejede geçirilýän hemişelik Bitaraplygymyzyň 27  ýyllyk baýramynyň hem eziz Diýarymyzyň şöhratly taryhynda ýatdan çykmajak aýratyn wakalaryň biri boljakdygyny aýtmak biziň üçin uly buýsançdyr.

Ýurt abadançylygyny we agzybir durmuşy ähli zatlardan belentde goýýan mähriban halkymyz bu gün Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň her bir pursatlaryny ýokary zähmet üstünliklerine besläp, giň möçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Halkymyzyň asyrlarboýy arzuw eden asudalyk, agzybirlik we jebislik hakyndaky isleg-arzuwlary geçen asyryň ahyrlarynda, has takygy, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda doly hasyl boldy. 2015-nji «Bitaraplyk we parahatçylyk» ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 20 ýyllyk şanly toýunyň bellenilen ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitaraplyk hukugymyzyň gaýtadan ykrar edilmegi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň parahatsöýüjilikli sebit we dünýä ähmiýetli beýik başlangyçlarynyň dünýä döwletleri tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda Türkmenistanyň Garaşsyz we Bitarap döwlet hökmünde dünýä döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly-doganlykly gatnaşyklary ýola goýup, dünýäniň halkara giňişliginde binýady berkden tutulan kuwwatly döwletleriň hataryna girmegi başarandygyny aýratyn bellemelidiris.

Amanmyrat JUMAÝEW, Türkmen döwlet maliýe institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy,
Meret MEREDOW, Türkmen döwlet maliýe institutynyň buhgalterçilik hasaba alnyşy kafedrasynyň uly mugallymy.