Goşa şatlyga beslendi

12 Dekabr 2022
631

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň ýaşaýjylary üçin «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Ýakynda olar 300 hojalyga niýetlenilip gurlan täze döwrebap «Galkynyş» şäherçesiniň açylyş dabarasyna ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdy. Halkara Bitaraplyk gününiň – ata Watanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygynyň öň ýanyndaky günlerde bolup geçen bu taryhy waka tutuş Günbatar sebitiň ýaşaýjylarynyň Arkadagly Serdarymyza, berkarar Diýarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrdy.

 Şäherçäniň  gurluşygyny Balkan welaýat häkimliginiň, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň buýurmalary esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň baş potratçy bolmagynda üstünlikli amala aşyryldy. Giň howlulardaky ýaşaýyş jaýlary, şäherçede bina edilen 200 orunlyk medeniýet öýi, 320 orunlyk mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, iki sany dükan, 300 orunlyk metjit, Geňeşligiň edara binasy, saglyk öýi, aragatnaşyk ulgamynyň binasy, ýangyn howpsuzlygy bölüminiň edarasy, çagalar üçin oýun meýdançasy, seýilgäh toplumy we gaýry desgalar bilen täsin bir sazlaşygy emele getirdi.

Baýramgylyç ORAZTUWAKOW,
TDP-niň Bereket etrap komitetiniň başlygy.