Ýaş nesilleriň baýramçylyk joşguny

12 Dekabr 2022
680

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli dabaralar welaýatymyzyň çar künjüni gurşap aldy. Golaýda şeýle çäreleriň biri welaýat kitaphanasynda welaýat çagalar kitaphanasynyň hem-de Daşoguz şäherindäki 9-njy orta mekdebiň bilelikde guramagynda «Bitaraplyk — bagtyýarlyk bahary» ady bilen geçirildi. Oňa kitaphana işgärleri we mugallymlar uly höwes bilen gatnaşdylar.

Onda welaýat çagalar kitaphanasynyň direktory Aýna Taganowa, 9-njy orta mekdebiň müdiri Alma Hojaýewa, mekdebiň mugallymy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Şahadat Seidnazarowa, kitaphana işgärleri Annagül Pollyýewa, Jahan Hudaýbergenowa, Sapargül Saparowa dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, bu belent derejämiziň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäki orny barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.