Ata Watan Bitarap

12 Dekabr 2022
585

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzyň strategik hyzmatdaşy hasaplanylýan döwletleriň biri-de Türkiýe Respublikasydyr. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar iki doganlyk halkyň umumy taryhy kökleriniň birligine hem-de Türkmen döwletiniň ynsanperwerligini, parahatçylyk söýüjiligini dünýä ýüzüne äşgär edýän oňyn Bitaraplygyna daýanýar.

Hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän berkarar döwletiň halkara abraýy, dünýä bileleşiginiň durmuşynda tutýan orny has-da ýokarlanýar. Ata Watanymyzyň halkara giňişliginde mynasyp orny eýeläp, dünýä ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Ibrahim ÇAPAR,
DTYB-yň şahsy agzasy, türkiýeli türkmen.