Barha rowaçlyklara beslenýär Bitaraplyk ýolumyz

12 Dekabr 2022
431

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýörelgeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan Watanymyz Merkezi Aziýada we tutuş dünýäde durnuklylygyň oňyn ýagdaýyny emele getirmek bilen sebitde möhüm orny eýeleýär. Düşünişmek, ylalaşmak, parahat, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine wepalylyk bu häsiýetleriň ählisi türkmene asyrlarboýy mahsus bolan häsiýetler. Buýsandyrýan ýeri, milletimiziň zandyna ornan şol häsiýetler häzirki wagtda-da dowam etdirilýär. Onda-da diňe öz halkymyzyň bähbitlerini nazara alman, eýsem, dünýä halklarynyň hem parahatçylygyny gazanmagy esas edinýär. Bu günki gün bolsa şol milli häsiýetlerimiz türkmen Bitaraplygynyň mysalynda aýdyň şuglalanýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ýurdumyzyň ynsanperwerlige esaslanýan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy barha rowaçlyklara beslenýär. Çünki Türkmenistan BMG tarapyndan dünýäde resmi taýdan iki gezek ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet hökmünde öz üstüne alan umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarly bolmak, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulyşmazlyk, sebit we dünýä möçberinde dostluk, parahatçylyk söýüjilikli hem-de özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermek ýaly borçnamalaryna yzygiderli eýerýär. Türkmen bitaraplygy ykdysady hem-de geosyýasy ugurlarynyň sebitleýin ösüşine oňyn täsir edýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ýörelgeleriniň biri bolmak bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen okgunly ösüşlerimiziň möhüm şertidir, goňşy we beýleki döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygymyzy giňeltmäge ýardam berýän hadysadyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýylynyň içinde Watanymyz ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkez hökmünde belent halkara abraýyna eýe boldy.