Oba-şäherler görke gelýär

23 Mart 2021
1660

Baharyň her güni ajaýyp, ýöne şu güni welin hemişekilerinden hem has üýtgeşik, has ýakymly täsirlere beslendi: Milli Bahar baýramynyň öňüsyrasynda — 20-nji martda Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzyň ýaşaýjylary hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna ýylyň dowamynda 30 million daragt ekmek ýaly belent maksada gönükdirilen beýik başlangyjyny goldap, köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna çykdylar.

Bag ekmek boýunça baş dabara welaýat boýunça Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtomobil köprüsiniň etegindäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Bu ýer hakyky zähmet baýramçylygynyň dabaralaryna beslendi. Aýdym-sazlaryň süýji mukamy bag ekmäge gelenleriň iş keýplerini we ruhlaryny belende göterdi. Il sylagly ýaşululardyr kümüş saçly eneler Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ilatynyň il-ýurduňy, tebigaty söýmek ýaly ajaýyp sypatlarynyň ýüze çykmasy hökmünde kemala gelen bag ekmek ýaly dabaraly däbi berjaý etmäge işjeň gatnaşdylar. Welaýat boýunça bu däbi berjaý etmäge başlangyç berlen giň meýdanda baýramçylyk dabarasyna dürli öwüşginleri çaýýan pursatlar örän köp boldy.

Beýleki habarlar