"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Aşgabat — döredijiligiň mekany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylymyz hem taryhy wakalara, rowaçlyklara beslenýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk we Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýuna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu taryhy seneler mynasybetli gözel paýtagtymyzda gurlup, ulanylmaga berilýän desgalaryň hem-de binalaryň sany gün-günden köpelýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde baş şäherimiz Aşgabadyň dünýäniň ösen şäherleriniň iň naýbaşylarynyň birine öwrülendigine aýdyň şaýatlyk edýär. «Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar» diýip belleýän hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz Aşgabady eşretli ýaşaýşyň we döredijiligiň mekanyna öwürmek ugrunda yzygiderli alada edýär. Milli Liderimiz şöhratly halkymyzyň medeni mirasyna aýratyn sarpa goýýar we ýaş nesilleriň ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelenmegine uly üns berýär. Şu jähetden, ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen deň derejede medeniýet ulgamy hem sazlaşykly ösdürilýär. Häzirki döwürde bu ulgamy ösdürmeklik döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Degişli ugurda amala aşyrylýan özgertmeler binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda hem

Bakylyga barmak bagty

■ ...Gojaman Köpetdagyň eteginde özbaşyna bir şäherçä meňzäp, ak Aşgabadyň görküne görk goşup oturan Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň adynyň dakylmagy tüýs ýerine düşen wakadyr. Beýle şahsyýetler bakylyga barmak bagtyna tüýs mynasypdyr. Şu ýazgylaryň ilki setiriniň alkyşdan-hoşallykdan, ýürekleri pürepür eden ýalkawa ýaran sözlerden başlanmagy hökmanylyk parzdyr. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny Halkara nebit we gaz uniwersitetine dakmak hakyndaky teklibi alkyş-joşgun döredipdi. Şeýle ýagşy işi bilen milli Liderimiz il aýtmyşlaýyn, ýüreklere sena bolup galjak mürrewet-sogabylyk ýazypdy.

Nusgalykdyr el hünäri

Şu günler paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralardyr bäsleşikler giň gerime eýe bolýar. Öňňin ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdepde Aşgabat şäher Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň bilelikde guramagynda 7 — 11-nji synplarda bilim alýan okuwçy gyzlaryň arasynda «Seniň eliň hünäri, meniň dilimiň zybany, nusga bolup galsyn ilden-illere» atly bäsleşik geçirildi. Zehinli okuwçylar keşde çekmekde, köjüme köjemekde, haly dokamakda, dürli görnüşdäki örmeleri ýerine ýetirmekde özara bäsleşdiler. Turuwbaşdan uly ruhubelentlige beslenen bäsleşikde okuwçy gyzlar ene-mamalarymyzdan miras galan bu ajaýyp el işlerini ýerine ýetirmekde özleriniň ukyp-başarnyklaryny, şahsy ussatlyklaryny, höweslerini görkezdiler. Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan el işleriniň taryhy, döreýşi, biziň günlerimize gelip ýetişi, inçe syrlary, ýerine ýetirilişi barada gyzykly gürrüňler edildi. Okuwçylaryň arasynda guralan bäsleşik ýaşlaryň dünýägaraýşynyň giňelmeginde, taryhymyza has-da oňat göz ýetirmek, şöhratly geçmişimiz, medeniýetimiz we sungatymyz barada täze gyzykly maglumatlar bilen tanyşmaga uly ýardam etdi.

Ajap eýýamyň şuglasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gözel paýtagtymyz Aşgabat iri jemgyýetçilik-syýasy, medeni we syýahatçylyk merkezine öwrüldi. Paýtagtymyzyň keşbi gün-günden özgerýär. Hormatly Arkadagymyzyň Karary esasynda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni giňden bellenip geçilýär. Şu ýyl hem Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabara bilen toýlanylýar. Gözellikde deňi-taýy bolmadyk binalardyr ymaratlaryň, ençeme muzeýleriň, täsin köşkleriň we teatrlaryň binagärlik sazlaşygy köpleriň ünsüni özüne çekýär. Paýtagtymyzyň birnäçe desgalary özboluşly täsinligi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda öz mynasyp ornuny tapdy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançada oturdylan, beýikligi 133 metr bolan baýdak sütüni, Aşgabadyň Halkara howa menziline barýan ýoldaky Oguz han suw çüwdürimler toplumy, Oguz hanyň ýyldyzy şekilindäki «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň täsin binasy, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, 2013-nji ýylda bolsa Aşgabat şäheri ak mermere örtülen binalaryň iň köpsanlysynyň bir ýerde jemlenen mekany hökmünde ykrar edilip, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Ak şäherimiziň döwrebap ösüşini şöhlelendirýän paýtagtymyzyň günbatar böleginde, 16-njy tapgyryň çäklerinde iň ýokary amatlyklary bolan belent ýaşaýyş jaýlary guruldy,

Gözelligiň dürdänesi

Bu gün özüniň täsin desgalary, täze belent binalary bilen şan-şöhraty dünýä dolýan gözel paýtagtymyza buýsanjymyz, guwanjymyz has-da artýar. Golaýda hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň, Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze döwrebap binalarynyň ulanmaga berilmegi aýratyn guwandyryjy waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berilýän her bir täze desga, täze belent ýaşaýyş jaýy, medeni-durmuş maksatly binalar kalbymyzda ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary döredýär. Aşgabadyň täsin binagärligi, beýik ösüşleri häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Paýtagtymyzyň ençeme täsin binalary Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hem mynasyp orun aldy. Aşgabat Halkara howa menziliniň esasy binasynyň ýokarsyna 705 inedördül metr haly gölüniň şekillendirilmegi netijesinde «Iň uly göl» diýlip atlandyrylan binagärlik aýratynlygy üçin Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi. Bu täsin bina açylandan tegelek bir ýyldan soňra, ýagny 2017-nji ýylda ildeşlerimiz Aşgabat Halkara howa menzilinde paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga gelen türgenleridir tälimçileri garşyladylar.

Ruhy gymmatlygyň hazynasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ata Watanymyzda halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak bilen baglanyşykly möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Öz eserleri bilen halk hakydasynda öçmejek yz galdyran şahyrdyr ýazyjylaryň, bagşydyr sazandalaryň, tanymal sungat ussatlarynyň ömri we döredijiligi, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikler bu günki gün içgin öwrenilip, halkymyza ýetirilýär. Bu babatda ýurdumyzyň kitaphanalarynyň hem paýy uludyr. Biziň etrap merkezi kitaphanamyzyň gaznasynda hem ýazyjy-şahyrlarymyzyň döreden çeper eserleri bolup, olar ynsan ruhuna, dünýägaraýşyna özüniň ýiti täsirini ýetirýär. Mundan başga-da kitaphananyň tekjelerini hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş berýän many-mazmuna baý kitaplary bezeýär. Ol ajaýyp kitaplar okyjylaryň uly gyzyklanma bilen okaýan eserlerine öwrüldi.

Tagzym edip eneleriň öňünde

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny okanyňda, oýlanmalar ummany has giňäp gidýär. Il-ýurduňy, halkyňy söýmegiň başlangyçlary ynsanyň kalbyna ene gujagynda hüwdi bilen guýulýar. Çaga ene mähri bilen dünýä aralaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän bu eserinde perzendiň ata-enä söýgüsiniň, hormatynyň, mertebesiniň ýyllarboýy artyşy we belent derejä göterilişi edil ýaş daragta arassa akardan suw berlişi bilen deňeşdirilýär. Oýlan, säher Güneş gülüp bakanda,Oýlan, bahar dünýä nagyş çekende!Biz nämüçin ýaşap ýörüs jahanda?!Eneler bar, eneler bar dünýäde.

Guramaçylykly geçirildi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň Geňeşiniň degişli kararyna laýyklykda, welaýatymyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ähli derejedäki guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklary, konferensiýalary geçirildi. Bu boýunça etrap birleşmelerinde we pudaklaýyn geňeşlerde maslahatlar geçirilip, degişli kararlar kabul edildi hem-de olary guramaçylykly we ýokary hilli geçirmek üçin wekiller bellenildi. Hasabat-saýlaw ýygnaklarynyň geçirilmeginiň öňüsyrasynda kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň we toparlarynyň ýolbaşçylary we işjeň agzalary bilen okuwlar geçirildi. Olarda hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylan üstünlikler bilen bir hatarda, kärdeşler arkalaşyklarynyň durmuşynda bolup geçen özgertmeler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek babatda maksatnamalaýyn wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabatlar bermek meýilleşdirildi.

Zeminiň zynaty

Dünýäni haýrana goýýan, üsti Süleýmanyň tagtyna deňelýän, ahalteke bedewi halkymyzyň buýsanjy, göwün syrdaşydyr. Gözelligi, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen göwnüňi göterýän bedewler asyrlarboýy türkmeniň ganaty, wepaly ýoldaşy hasaplanylýar. Toýlarymyza görk berýän, şan-şöhraty rowaýata öwrülen bedewlerimize halkymyz uly ähmiýet berýär. Olara owadan at dakyp, boýdan başa sünnälenilip ýasalan şaý-sepler bilen bezeýär. Aýdylyşyna görä, Allatagala her mömini ýaradanda onuň begenjine, gynanjyna deň şärik bolar ýaly, bagt guşunam ýaradanmyş. Şonda tawusy hindilere, bilbilgöýäni azerbaýjanlara bagyş edip, her halkyň öz däp-dessuryna mahsus bolan guşy berenmiş. Guşlar hemmä deň paýlanýar welin, türkmeniň dünýäsine mynasyby tapylmaýar. Allatagala kiçigöwünli, pespäl halkyň özüne kybapdaş guş agtarýar. Ahyry ol ala meýdanda çyrpynyp ýören bedewi oňa rowa görýär. «Ýeneki guşlar rysgyny çöpläp tapar, munuňky alnynda bolar. Ganaty ýok diýibem gyýylmagyn, harlamasaň ganatynyň özi çykar» diýýär.

Uly ösüşlere eýe bolýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyz giň gerimli ösüşlere eýe bolup, sanlyja ýyllarda dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy. Günsaýyn ösüp-özgerýän Garaşsyz döwletimiziň ähli pudaklarynda döwrebap işler güýçli depginlerde alnyp barylýar. Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny gazananyndan soň, ähli ulgamlarda ösüş-özgerişleriň ak ýoluna düşdi. Diýarymyzyň her güni şanly wakalara beslenip, gurulýan ajaýyp binalardyr desgalar göreni haýrana goýýar. Bu bolsa halkymyzy bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamaga, halal zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň çar künjegi baýramçylyk şowhunyna beslenip, raýatlarymyzyň toý şatlygyny goşalandyrýar.

Buýsanja beslener

2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Arkadag Prezidentimiziň Permany bilen, Türkmen alabaýynyň baýramyny her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellemelidigi karar edildi. Milli Liderimiziň bu gelen karary türkmen halkymyzyň göwün ganatyny has-da belende galdyrdy. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda alabaý itlerimiziň hem- -de behişdi bedewlerimiziň baýramçylygynyň bu ýyl welaýatymyzyň atçylyk toplumynda geçiriljekdigi guwandyrýar. Taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazylan milli buýsançlarymyz bolan behişdi bedewlerimiz hem-de alabaý itlerimiz indi diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň göz-guwanjyna, ýürek buýsanjyna öwrüldi.

Wepaly alabaý

«It geldi — gut geldi” ýaly pederlerimiziň pähiminde türkmen alabaý itiniň, maddy gymmatlyk hökmünde tarypy ýetirilýär. Ahalteke bedewlerimiz, halylarymyz, şaý-seplerimiz, saz gurallarymyz ýaly alabaý itleri hem milli baýlyklarymyzdyr. Bu gymmatlyklary ata-babalarymyz gözüniň göreji ýaly saklap, biziň şu günlerimize ýetirip bilipdirler. Köp asyrlaryň dowamynda öz asyl durkuny ýitirmän gelýän alabaý itlerimiz barada näçe söz aýtsaň hem bärden gaýdýar.

Röwşen geljegimiziň ynamy

Gahryman Arkadagymyzyň ýurt başyna geçen gününden bäri, her bir pudagyň ösmegi, şol sanda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň täze öwüşginler bilen dabaralanmagy babatda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Daşary döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryna uly üns berilmegi netijesinde medeni gatnaşyklar halkara derejesinde alnyp barylýar. Gözel Diýarymyzyň goýnunda dürli halklaryň Medeniýet günleriniň, türkmen Medeniýetiniň günleriniň bolsa daşary döwletlerde geçirilip durulmagy döwletiň berkararlygyndan, halkymyzyň bagtyýarlygyndan nyşandyr. Munuň özi bolsa dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dabaralanmagynda, ösmeginde medeni hyzmatdaşlyga uly ornuň degişlidigini görkezýär. Çünki, kökleri gadymýete uzap gidýän halkymyzyň medeniýet ulgamy hem ýüzýyllyklaryň, müňýyllyklaryň dowamynda kämillik ýoluny geçip, bu günki gün dünýäni haýrana goýýar. Jennet ATAHANOWA.

Gözelleşýär bu gün oba-şäherler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän özgertmeleriniň, Maksatnamalarynyň netijesinde mähriban Diýarymyz günsaýyn gülläp ösýär, bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwrülýär. Arkadag Prezidentimiz halkymyzyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredip berýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, şäherleri, etraplary, şäherçeleri, obalary abadanlaşdyrmak aýratyn hem ilatly ýerlerde arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralara beslemek barada öňde goýulýan wezipeleri ýerine ýetirmek her bir raýatyň mukaddes borjudyr.

Halypa ýörelgesi — şägirt göreldesi

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky çagalar sungat mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny ýokarlandyrmak, olary höweslendirmek we sungatyň dürli ugurlary boýunça döredijilige ugrukdyrmak maksady bilen «Halypa ýörelgesi — şägirt göreldesi» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerini 2020 — 2021-nji okuw ýylynda tamamlajak okuwçylaryň ençemesi gatnaşdy. Saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça döwlet derejesinde geçirilen döredijilik bäsleşigine welaýatymyzyň çägindäki çagalar sungat mekdeplerinden hem zehinli okuwçylar gatnaşyp, mynasyp orunlary eýelemegi başardylar. Olardan fortepiano ugry boýunça Sakarçäge etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Gadyr Azadow 1-nji, welaýat Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Serwi Annaberdiýewa 3-nji orunlary eýelemegi başardylar. Dutar ugry boýunça Murgap etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Ylýas Saparlyýew 1-nji, Mary etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Watan Geldiýew 3-nji, akkordeon ugry boýunça Ýolöten etra

Gadymy gymmatlyklara baý şäher

Ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişinde taryhy gymmatlyklar ylmy taýdan öwrenilip, olary sanly ulgam arkaly halkymyza ýetirmek, şeýle-de, dünýä çykarmak üçin eziz Arkadagymyz uly mümkinçilikleri döredip berdi. Şeýle mümkinçiliklerden ruhlanyp, zähmet çekýän muzeýimiziň ruhubelent işgärleri Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda uly dabara bilen belleniljek şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyny zähmet sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinýärler. Bu ajaýyp baýramçylyklar mynasybetli dürli çäreleri we taryhy gymmatlyklar bilen baglanyşykly sergileri guraýarlar. Biziň Mary topragymyz taryhy gymmatlyklaryň mekany diýsek-de, hakykatdan daş düşmeris. Olardan Marguş, Uly we Kiçi Gyzgala, Abdyllahan gala hem-de welaýatymyzyň günbatarynda 38-40 kilometrlikde ýerleşýän Daňdanakan taryhy-medeni ýadygärligi türkmeniň müňýyllyk taryhyny has-da aýdyň şöhlelendirýär. Daňdanakana Daşrabat hem diýipdirler. Daşrabat sözi «daşdaky şäher» diýmegi aňladypdyr.

Tejribe alyşdylar

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakyndaky Kararyna laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek işi güýçli depginde alnyp barylýar. Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Şeýle maslahatlaryň biri hem Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebi bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň arasynda geçirilen okuw-amaly maslahatydyr. Bu maslahat welaýat kitaphanasynda guraldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşi: demokratik ýörelgeler pugtalandyrylýar

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly möhüm ähmiýetli durmuş-ykdysady, syýasy-jemgyýetçilik wakalara beslenýär. Il-gün hormatly Prezidentimiziň daşynda jebisleşip, milli Liderimiziň geçirýän özgertmelerine, halkara başlangyçlaryna buýsanýar. Munuň şeýledigine döwlet Baştutanymyzyň Ahal welaýatyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanmagy hem doly şaýatlyk edýär. Batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzyň ösüşleri, belent sepgitleri halkymyza rysgal-döwletli, eşretli durmuşda ýaşamaga mümkinçilik döredýär. Mälim bolşy ýaly, jemgyýet gatnaşyklardan durýar. Gatnaşyklaryň görnüşleri hasaplanýan durmuş kadalary, ýagny hukuk, ahlak we beýleki jemgyýetçilik gymmatlyklary, olaryň tutuş jemi, özara arabaglanyşygy döwri, jemgyýeti häsiýetlendirýär. Häzirki zaman türkmen jemgyýetine we ondaky gatnaşyklara yzygiderli ösüşler mahsusdyr. Ol gatnaşyklaryň gözbaşynda halkyň asylly däp-dessurlaryna, ahlak ýörelgelerine ýugrulan hukuk gatnaşyklarynyň özenini düzýän Esasy Kanunymyz durýar. Konstitusiýanyň 1-nji maddasynda Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwletdigi, onuň ýurduň Garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goraýandygy, hukuk tertibini üpjün edýändigi öz beýanyny tapýar. Bu konstitusion kadalar halkyň milli özboluşlylygyna

Kanun çykaryjy häkimiýet täze hil derejä çykýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmegini üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri giňden ýaýbaňlandyrdy. Bu özgertmeler iňňän oýlanyşykly syýasaty ýöretmegi talap edýär. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz her bir tutumly işiň başyny başlanda halkymyzyň baý durmuş tejribesine daýanmaga uly ähmiýet berýär. Çünki milli Liderimiz döwlet Baştutany wezipesine girişen badyna ýurdumyzy jennet mekanyna öwürmäge gönükdirilen tutumly işleri amala aşyranda özüniň iň ygtybarly daýanjynyň halk boljakdygyny, halka daýanyp, halkyň hatyrasyna işlejekdigini kesgitli aýdypdy we şol parasatly ýörelgä ygrarlydygyny yzygiderli subut edip gelýär. Geçen, 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky üçünji mejlisi munuň ýene-de bir subutnamasy boldy diýsek hakykatdan daş düşmeris. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bu mejlisinde döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik ýörelgelerini berkitmäge we kämilleşdirmäge gönükdirilen möhüm mesele, ýagny hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde öňe süren döwletli başlangyjyna laýyklykda, Türkmemistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen, berkarar döwletimiziň kanun çykaryjy edarasyny dünýäniň ösen ýurtlaryndaky ýaly iki

Suwly sütün

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen hanasy barha giňeýän «Altyn asyr» Türkmen kölüniň we oňa barýan akabalaryň täsiri netijesinde bu ýeriň ekologiýasy gowulanýar, millionlarça gektar öri meýdanlary döreýär. * * *