"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

Ogulsapar NURÝAGDYÝEWA,Ahal welaýat kazyýetiniň kazysy: — Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge hem-de höweslendirmäge döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler hem-de maslahatlar geçirildi. Şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde geçirilen sergide telekeçilik ulgamynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri şöhlelendirýän milli ykdysadyýetiň dürli ulgamlary, şol sanda gurluşyk, senagat, himiýa, dokma, azyk we oba hojalyk önümleri ugurlarynda öndürilýän, ýokary derejeli bäsdeşlige ukyply önümleriň we taslamalaryň görkezilmegi bellenilmäge mynasypdyr. Şol önümleriň hatarynda sanly ulgamyň tehnologiýalarynyň, elektron senagatyň halkara ölçeglerine laýyk gelýän dürli serişdeleriniň görkezilmegi bolsa aýratyn guwandyryjydyr.

Üçünji müňýyllygyň mermer şäheri Aşgabat 140 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň giň göwrümli we aýdyň geljegi nazarlaýan beýik işleri, parasatly başlangyçlary bütin dünýäde ykrar edilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen Aşgabadyň esaslandyrylmagyna 140 ýylyň dolmagy döwletiň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny täze mazmun bilen baýlaşdyrýar. Häzirki wagtda Aşgabady ösdürmek, täze desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly işler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Bu goşa baýramçylyga taýýarlyk işleri uly depginde alnyp barylýar.

«Akylly» şäher geljegiň şäheridir

Türkmenistanda «akylly» şäherler konsepsiýasy durmuşa geçiriler «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 140 ýyllygy bellenilýän paýtagtymyzy ösdürmek, täze bina edilýän desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Mähriban Arkadagymyz paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Ata Watanymyzyň we eziz halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine

«Biz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda giň gerimli sebit we milli maýa goýum taslamalaryny hem-de özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini birjik-de peseltmeýäris. Maliýe, salgyt-býujet, pul-karz, daşary-ykdysady, nyrh emele getiriş syýasatynda özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar» diýip, mähriban Arkadagymyz geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meselelerine bagyşlanan iş maslahatynda aýtdy. Bu işleriň ählisi biziň mümkinçiliklerimiziň gerimini giňeltmäge, dünýädäki ykdysady çökgünligiň ýaramaz netijelerini azaltmaga mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şu ýyl berkarar Diýarymyzda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çärelerini geçirmäge giňden taýýarlyk görülýär. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şöhratly baýramyna ýeňil bolmadyk halkara ýagdaýynda taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzda makroykdysady ýagdaý durnukly bolmagynda galýar diýip, hormatly Prezidentimiz kanagatlanma bilen belledi.

Milli ösüşiň täze belentlikleri

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän senesine uly şatlyk hem täze ösüşler, döretmek, gurmak hakyndaky maksatlar, uly arzuwlar bilen barýarys. Eziz Diýarymyzda ertirki günleriň bu günküden has gowy boljakdygyna bolan mizemez ynam bizi täze döredijilige ruhlandyrýar. Şeýle ösüşleriň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt ähmiýetli döwletli işleri, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesi, agzybir halkymyzyň döredijilikli zähmeti bar. Ajaýyp mukam ýaly kalby gandyrýan bahar pursatlary bizi bütin ýylyň dowamynda ajaýyp ahwallaryň nyşany deýin, täze ruhlanyşa besleýär. Türkmen ýaýlasyna bahar üýtgeşik gelşik berýär, zehinleri joşdurýar. Türkmen halkynyň ykbalyna baharyň mahmal ahwalyny bagyşlan mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyz taryhy ösüşimiziň täze, deňi-taýy bolmadyk gymmatly tapgyryna badalga berdi. Garaşsyzlyk bahary durmuşymyzyň ähli ugurlaryna ösüş-özgerişiň sergin şemalyny, älemgoşar öwüşginleri ýaly köpugurly we reňbe-reň ösüşi, jemgyýete raýatlyk buýsanjy bilen, öz mähriban Watanyňy ösdürmegiň hatyrasyna döredijilikli işlemegi, täzeden janlanyşy getirdi. Ýere atylan tohum şineleýär, köki çuňluklara uzaýar, gögerýär, nahal tutýar, berkeýär, taplanýar, miwä durýar. Garaşsyzlyga eýe bolan Türkmenistan Watanymyz bu gün geljekki ösüşiniň şerti hökmünde köküni topragyň çuňluklaryna ýaýyp, berdaşly gollary göge sary uzap gidýän berk, synmaz daragta

Watanymyzyň ýüregi sen, Aşgabat!

Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň paýtagty Aşgabady dünýäniň iň gözel we adamlaryň ýaşamagy üçin amatly şäherleriniň birine öwürmek ugrunda bimöçber tagalla edýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky tagallalary netijesinde paýtagtymyz çalt depginler bilen ösýär, özgerýär, dünýäniň binagärlik merjenine öwrülýär. Ak mermerli paýtagtymyzda gurulýan durmuş-medeni, ylym-bilim maksatly desgalar, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary, saglygy goraýyş, sport desgalary, söwda-dynç alyş merkezleri, awtomobil duralgalary, häzirki zaman ulag ýollary, suw çüwdürimleri hem-de beýleki döwrebap binalar göreniň akylyny haýrana goýýar. Güneşli Diýarymyzyň baş şäheriniň nowjuwan keşbini, görkanalygyny synlanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň: «Orta Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabady jennet mekanyna öwürmek meselesi öňümizde goýan maksatlarymyzyň esasylarynyň biridir» diýen çuň manyly sözleriniň turuwbaşdan durmuş ýüzünde amala aşýandygyna uly buýsanç bilen göz ýetirýärsiň. Ýurdumyzyň bilim, ylym, medeni hem-de tehnologik ösüşleriniň merkezi bolan ak mermerli paýtagtymyz gözel Aşgabadyň medeni ojaklarydyr seýilgähleri hem tarypa mynasypdyr. Şolaryň arasynda milli binagärlik sungatynyň özboluşly öwüşginlerini özünde jemleýän teatrlaryň, muzeýleriň, medeni maksatly beýleki desgalary, şol sanda Medeniýet şäherçesiniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň kaşaň binalarydyr desgalary, «Älem» medeni-dynç a

Işewürleriň işi ileri

Öňňin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi we maslahaty öz işine başlady. Bu çäreler ýurdumyzyň uly ösüşlerini beýan etmek bilen bir hatarda telekeçileriň giň mümkinçiligini beýan etdi. Serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda, hususan-da, şeýle diýilýär: “Biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garap, bu ugurda döwlet tarapyndan goldaw berilmegini dowam etdireris. Dürli pudaklarda telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak bilen, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendireris”.

Bagtyýarlygyň şäheri Aşgabat

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde toýlarymyz toýlara ulaşýar, baýramlarymyz dabaralara beslenýär. Şeýle ajaýyp günlerimizde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, paýtagtymyzda belent binalar gurulýar, ýaşaýyş jaýlaryna, durmuş maksatly desgalara aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi halkymyzy bagtyýarlyga besleýär, ösüşli ýollarymyzy üstünliklerden üstünliklere ýetirýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz halkymyzyň durmuşynda şanly wakalara baý ýyl bolup, ýüreklerimizi buýsanja besleýär. Merjen şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy uly dabaralara beslenýär. Mälim bolşy ýaly, merjen şäherimiz Aşgabat has-da gözelleşýär, döwrebap binalar bilen görenleri haýrana goýýar. Belent hem-de ajaýyp binalar özüniň gözelligi bilen paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk goşýar. Şeýle hem bu ýaşaýyş jaýlar diňe gözelligi bilen tapawutlanman, eýsem, ýaşaýyş üçin ähli amatly şertleriň döredilmegi, iň döwrebap usullaryň durmuşa geçirilmegi bilen ünsüňi özüne çekýär. Ýagny, şeýle ajaýyp binalaryň içinde “akylly öý” taslamasynyň hem durmuşa geçirilýändigini hem görmek bolýar. Bu bolsa ylmy tehnologiýa babatda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny aýdyň beýan edýär. Özi hem şeýle “akylly öýleriň” türkmen hünärmenleri tarapyndan amala aşyrylýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda

Onlaýn maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň guramagynda onlaýn maslahaty geçirildi. Maslahat GDA döwletleriniň arhitektorlary bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda boldy. Maslahatyň geçýän ýerinde bu ýokary okuw mekdebiniň häzirki zaman we orta asyryň taryhy bilen baglanyşykly eksponatlarynyň we suratlarynyň sergisi hem guraldy.

Mukaddes garaşsyzlyk: döwür we biz

Her bir adamyň özygtyýarly, garaşsyz döwletli bolmagyň bütin duýgy-düşünjeleriniň, kalbynyň, aňynyň içinden geçip, göwnühoşlugyň üýtgeşik ahwallary bilen gurşap almasyny başyndan geçirmegi häli-şindi duşup duran pursat däldir, elbetde. Döwletiň döremegine, düýbüniň tutulmagyna, ähli ugurlar boýunça gurluşyna şaýat bolmak, bu mukaddes hadysalary gözüň bilen görmek, oňa gatnaşmak her bir nesle miýesser edip duran waka däl ahyry. Häzirki ýaşlar geçmişde beýik döwletleri guran, şadöwletleri dolandyran milletiň nesilleridigi baradaky düşünjeler, berkarar döwletiň raýatydygy baradaky buýsançly duýgular bilen kemala gelýärler. Ýurdumyzyň ýeriň emeli hemrasynyň Arşa çykarylmagy we onuň öz hünärmenlerimiz tarapyndan dolandyrylmagy ýaşlar üçin adaty ýagdaý. Olar ösen döwletde kemala gelýän nesiller. Dünýä bilen aýakdaş gidýän ýurduň raýatlary.

Hasyl bolan arzuwlar

Eziz Diýarymyz bedew bady bilen öňe barýar. Ozalky ýyllarda bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem döwletimiziň ähli pudaklarynda guwandyryjy üstünlikleriň gazanyljakdygy şübhesizdir. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen döwletliliginiň goşa ganaty bolan Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan uly güýçdür» diýýär. Şu ýyl Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýyl dolýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär. Şu ýyl 30-njy gezek belleniljek mukaddes Garaşsyzlyk baýramy ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň, özygtyýarly döwlet, abraýly jemgyýet hakynda asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Eziz Watanymyzyň iň täze taryhy, biziň üstünliklerimiziň hem-de ösüşlerimiziň ählisi beýik Garaşsyzlykdan gözbaş alýar.

«Akylly» şäher — ýakyn geljegiň şäheri

16-njy martda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda şäheriň birnäçe desgalaryndaky hem-de welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gurulýan Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde ilatyň döwrebap durmuş amatlyklarynyň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we okamagy, göwnejaý dynç almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün edilmegi bilen baglylykda, sanly tehnologiýalaryň we intellektual ulgamlaryň esasynda kadaly şäher giňişliginiň döredilmeginiň esasy ýörelge boljakdygyny nygtady. Ýagny bu ýerde adamlaryň ýaşamagy üçin has oňaýly smart siti — «akylly» şäher gurlar.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky bölümleriň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Öwezow Baýramgeldi Orazgeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi.

Okgunly ösüşlere ugur alynýar

Geçen duşenbe güni welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Oňa welaýatymyzyň ähli etraplarynyň we Türkmenabat şäheriniň häkimleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çagyryldy. Maslahatyň gün tertibinde, esasan, hormatly Prezidentimiziň 15-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda welaýatymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak ugrunda öňde durýan möhüm wezipeleri günübirin ýerine ýetirmek barada beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahaty welaýatymyzyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew açmak bilen, häzirki döwürde etrapdyr şäherlerimiziň ählisinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişine görülýän taýýarlyk çäreleri barada durup geçdi. Şu derwaýys meseleler bilen bir hatarda welaýatymyzyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işleriň depginini ýokarlandyrmak barada milli Liderimiziň kesgitlän wezipelerini amala aşyrmaklyga aýratyn üns çekildi.

Eşretliýaşaýşyň gözbaşy

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üstünlikli alnyp barylýar. Munda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýakyn we uzak geljegi nazarlap, oýlanyşykly düzülen ykdysady syýasat aýratyn orny eýeleýär. Ol ykdysady syýasat ýurdumyzda kuwwatly energetika senagatyny kemala getirmek maksady bilen ýokary kuwwatlylyga eýe bolan desgalary gurmakdan, olary döwrebaplaşdyrmakdan, tehniki taýdan täzelemekden ybaratdyr. Hut şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda soňky ýyllarda bu ugurda edilen işler guwandyryjy netijelere beslenýär. Şeýle hem ýurdumyzda energetika senagatynyň ösüşini gazanmakda durmuşa geçirilýän taslamalar öz çägini sebit we dünýä döwletlerine tarap uzaltmagyny üstünlikli dowam edýär. Bu bolsa dünýä ýurtlarynyň arasynda özara we umumy bähbitleri nazarlaýan hyzmatdaşlygy has hem ýygjamlaşdyrýar. Türkmenistanyň energiýa ulgamynyň kuwwatlylygy ýurdumyzyň ykdysadyýetini we halkymyzy energiýa serişdeleri bilen doly üpjün etmek bilen birlikde bu pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak üçin hem ýeterlikdir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän giň möçberli we maksatnamalaýyn işler diňe bir halkymyzyň eşretli ertirlere bolan ynamyny berkitmän, eýsem, ýurdumyzyň eksport akymynyň möçberini artdyrmaga hem ýardam edýär. Bu biziň welaýatymyzyň mysalynda hem şeýledir. Çärjew, Döwletli etraplarynda «Lebap», «Watan» döwlet elektrik stansi

Täzelenişiň nurana säheri

Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp zamanasynda bagtyýar we erkana ýaşaýan halkymyzyň her güni şatlyk-şagalaňa, toýdur baýramlara beslenýär. Şeýle baýramlaryň biri hem tebigatymyzyň gözel keşbe girýän döwründe bellenilýän Halkara Nowruz baýramydyr. Bu baýramyň pasyllaryň soltany bolan bahar paslynda bellenilmeginiň aýratyn manysy bar. Baharda ýere ýyly girip, tebigat janlanýar. Dal-daragtlar gül-pürçüge bürenýär. Bereketli sähralarymyz begres donuny geýýär. Çeşme-çaýlar şarlap akyp, bilbiller saýraşyp, perwaz urýar. Jana ýakymly şemal öwsüp, ýürekleri heýjana getirýär. Bu ajaýyp görnüşler Milli bahar baýramyna aýratyn öwüşgin berýär.

Watana wepalylyk duýgusy bilen

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli welaýat gümrükhanasynda «Watana wepalylyk parahatçylygyň we ynanyşmagyň gözbaşydyr» atly maslahat geçirildi. Oňa gümrükhananyň we gümrük nokatlarynyň harby gullukçylary gatnaşdylar. Maslahatda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň üstünlikli durmuşa geçirilişine, harby syýasatymyzyň we harby strategiýamyzyň netijeli amala aşyrylyşyna, şanly senelere görülýän taýýarlyklara bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi. Olarda, esasanam, hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny berjaý etmegiň ugurlary, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda, şol sanda gümrük edaralarynda gulluk işlerini sanlylaşdyrmak, gümrük nokatlaryny döwrebaplaşdyrmak we bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, gümrük gullukçylarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, Watan goragçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler, Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň ähmiýeti barada uly buýsanç bilen gürrüň edildi. Watansöýüjiligiň beýik nusgasyny görkezýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna çuňňur hoşallyklar we egsilmez alkyşlar aýdyldy.

Beýik maksatlaryň döwri

1991-nji ýylda ýurdumyzyň öz Garaşsyzlygyny gazanmagy halkymyz üçin taryhy ähmiýetli waka boldy. Mähriban Watanymyzda täze eýýam başlandy. Taryhy ölçeg boýunça uzak bolmadyk döwrüň içinde Türkmenistanda döwlet we jemgyýetçilik gurluşy düýpli özgerdildi, giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyryldy we aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygara laýyklykda, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen tutumly işleriň gerimi barha giňeýär.

Garaşsyzlyk — Watanymyzyň şöhraty

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her ýylymyzy mynasyp atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy belleniljek 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Çünki parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak, dost-doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgesidir. Milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetine ýokary baha berýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär» diýip belleýär.

Sazlaşykly ösüşleriň mekany

Ýurdumyzda bolup geçýän düýpli özgertmeleriň öň hatarynda barýan ak mermerli Aşgabat özüniň ajaýyp binagärlik gurluşy bilen haýran galdyrýar. Soňky ýyllarda paýtagtymyz onlarça nusgalyk binalara we desgalara, şol sanda iri ýaşaýyş toplumlaryna beslendi. Milli Liderimiziň täzeçillik strategiýasyna baglylykda, sazlaşykly ösýän türkmen paýtagty şäherde ýaşamagyň döwrebap we ähli amatlyklary bolan köpugurly nusgasyny özünde jemleýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda şular ýaly giň möçberli özgertmeleriň Türkmenistanyň ähli sebitlerinde, şäherlerinde we obalarynda giňden ýaýbaňlandyrylandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu meseleleriň baş maksady ýurdumyzyň gülläp ösdürilmeginden, halkyň durmuş derejesiniň we hiliniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyndan ybarat bolan döwlet syýasatynyň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar.