"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Resmi habar

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Duşuşygyň çäklerinde milli Liderimiz we myhman syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikler

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda welaýatymyzyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda döwrebap şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär. Döwrebap şäherçeleriň gurluşygy 5 ýylyň dowamynda degişli resminamalara laýyklykda tapgyrma-tapgyr alnyp barlar. 2024-nji ýylda şäherçelerde toýlar tutular. Taslama laýyklykda Halaç etrabynyň çägindäki 1000 hojalyga niýetlenilen şäherçe üçin 200 gektar ýer bölünip berildi. Täze şäherçede bir gatly bäş otagly jaýlaryň 641-si, iki gatly 3-4 otagly jaýlaryň 359-sy, hersi 640 orunlyk orta mekdepleriň ikisi, hersi 320 orunlyk çagalar baglarynyň ikisi gurlar. Täze şäherçäniň gurluşygyna hususy gurluşyk kärhanalary örän işjeň gatnaşýarlar. Halaç etrabynyň baş binagäri Batyr Allakulyýew häzirki wagtda «Güneşli gadam», «Tiz akym», «Ýeňişli ýollar», «Dana gurluşyk», «Rahat zaman», «Rowaçly täjir» ýaly hususy kärhanalaryň gurluşykçylarynyň paýly we ýeňillikli karz tölegleri esasynda ýaşaýyş jaýlarynyň ikisiniň gurluşygyny tamamlandyklaryny aýdýar. Ýene-de jaýlaryň 10-synyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Täze şäherçe ilatyň ýaşaýyş-jaý şertlerini has gowulandyrar. * * *Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň, etrap polisiýa bölüminiň we etrap prokuraturasynyň bilelikde guramaklarynda «Watan buýsanjy — ýaşlar» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Size saglyk ýaran bolsun!

Öýden daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtügini dakynyň! Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň!

Türkmen önüm öndürijileriniň we telekeçileriniň maslahaty

AŞGABAT, 8-nji aprel (TDH). Şu gün “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda maýa goýum forumy öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň önüm öndürijileridir telekeçileri, ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän çäräniň maksady ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ulag hyzmatlaryna isleg bildirýänleriň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmakdan, döwlet hem-de hususy pudaklary ösdürmekden, ulag we kommunikasiýa ulgamynda işleýän ýurdumyzyň telekeçileriniň maýalaryny çekmek arkaly, import önümleriniň ornuny tutýan harytlary, täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmekden ybaratdyr.

Özgerýän we gülläp ösýän Aşgabat milli Liderimiziň döredijilik zehininiň nyşanydyr

Melhemler mekanynyň paýtagty Gözelligi we sazlaşykly ösüşi bilen haýran galdyrýan ak mermerli Aşgabadyň geljegi nazarlaýan şäher hökmünde häsiýetlendirilmeginde çuňňur many bar. Paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen bir ýylda bellenilmegi bu baýramlaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

BATLY GADAMLAR AHAL. Welaýat merkezinde ýerleşýän “Türkmen-Kalkan” aýakgap kärhanasynyň işçi hünärmenleri “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň geçen üç aýyny ýokary iş görkezijileri bilen jemlediler. Kärhanada şanly ýylyň ýanwar — mart aýlarynda 9 million 180 müň 741 manatlyk önüm öndürilip, 138 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Ruhubelentligiň hem jebisligiň baýramy

7-nji aprelde ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni uly ruhubelentlik bilen bellenilip geçildi. Şol gün irden hormatly Prezidentimiziň özüniň hem gatnaşmagynda bu çärä bagyşlanyp welosipedli ýöriş geçirildi. Ýurdumyzda ynsan saglygyna berilýän aýratyn üns-alada netijesinde bu şanly sene aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Çünki halkyň saglyk ýagdaýy ýurduň abadançylygynyň iň möhüm görkezijileriniň biri hasaplanýar. Sagdyn adam jemgyýetiň gymmatly baýlygy. «Saglyk» döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde esasy mesele halkyň saglygyny goramakdan ybaratdyr. Saglygy goramak hem berkitmek Türkmenistanyň durmuş maksatly döwlet syýasatynyň illeri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şol gün irden Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde jem bolan welosipedli ýörişe gatnaşyjylara sagdyn durmuş ýörelgesini öz göreldesi bilen jemgyýetimize ornaşdyrýan milli Liderimiziň bu ajaýyp baýramyň dostlugyň, parahatçylygyň we sportuň belent däplerini dabaralandyrýandygy, şeýle-de onuň jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini has-da berkidýän möhüm waka hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýandygy hakynda aýdanlary hemmeleri ruhlandyrdy. «Saglyk — her kimiň özbaşdak ýetmeli belentligidir» diýen pähimden görnüşi ýaly, her bir adamyň ýaşaýyş-durmuşynyň mäkämligi onuň saglyk ýagdaýyna baglydyr. Şonuň üçin-de, sagdyn durmuş ýörelgesinden ýöremek diýseň wajypdyr. Sagdyn durmuş şahsy durmuşda üstünligi, i

Sahawat — köňüllere zyýarat

Ruhy päklik, hoşniýetlilik, birek-birege hemaýat bermek, ýetimiň başyny sypamak, olaryň aladasyny etmek, mätäji goldamak ýaly ýörelgeleriň gymmaty halkymyzyň milli ynanjynda aýratyn ähmiýete eýedir. Ýaşaýyş medeniýetimizde orun alan sahawatlylyk türkmen halkynyň dünýä, bütin barlyga mähribanlyk paýlaýan ajaýyp häsiýetlerinden gözbaş alýar. Arassa ahlak ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak, hoşniýetli gatnaşykda bolmak ýaly ýörelgeleriň ençemesi häzirki wagtda hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Muňa biz ýakynda hormatly Prezidentimiziň mätäç çagalara hemaýat bermek maksady bilen ýörite haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakyndaky Karara gol çekmeginiň, ilkinji bolup gaznanyň hasabyna aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny geçirmeginiň mysalynda ýene bir gezek göz ýetirdik. Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça döredilen haýyr-sahawat gaznasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy bolsa agzybir türkmenistanlylaryň kalbynda çäksiz buýsanç duýgusyny döretdi. Halkymyzyň arasynda “Ýagşylaryň ýagşylygyny aýt, sahawaty artsyn...” diýen pähim bar. Ýurt Baştutanymyzyň başyny başlan bu sahawatly başlangyjy bilen ençeme hemaýata mätäç çagalaryň ykbalynda bagtdan pürepür pursatlaryň ýakymyny duýmak bagty miýesser eder. Bu haýyrly iş ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň mundan beýläk-de ilerlemegine, ynsanperwerlik ýörelgesiniň

Garaşsyzlyk — Watan ganaty

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!

Halkara bäsleşigiň buýsandyryjy netijeleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran Karary bilen tassyklanan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasynyň çäklerinde, 2021-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde ýaş hukukçylaryň arasynda onlaýn görnüşinde halkara bäsleşik geçirildi. Bu halkara bäsleşige Türkmenistandan we dostlukly ýurtlaryň birnäçesinden köp sanly ýaş hukukçy hünärmenler gatnaşdylar.

Döwrebap kanunlar - ösüşleriň ygtybarly binýady

Bilşimiz ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz şol taryhy duşuşykda kanunçykaryjylyk işiniň esasy meselelerine we gaýragoýulmasyz ugurlaryna ünsi çekip, Milli parlamentiň wekilleriniň öňünde anyk wezipeleri goýdy. 13-nji martda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçen Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 13-nji maslahatynda hormatly Prezidentimiziň kesgitlän wezipelerine laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Bular dogrusynda gürrüň bermeklerini haýyş edip, ýurdumyzyň milli parlamentiniň wekilleriniň birnäçesine ýüz tutduk. Serdar JORAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy:

Ak ýollaryň altyn halkasy

XX asyryň başynda Aşgabat diňe bir Orta Aziýanyň merkezi şäherleriniň biri hökmünde meşhur bolman, eýsem, günbatarlylar üçin täsinliklere beslenýän Gündogaryň altyn gapylaryny açýar. Yklymlaryň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary we gülläp ösüşi üpjün edýän kuwwatly güýje öwrülýär. Aşgabat diňe bir Türkmenabat bilen Hazar deňziniň kenaryny birikdiriji polat ýolunyň merkezinde ýerleşmän, eýsem, onuň goňşy Eýran döwletiniň Horasan welaýatyna, şeýle hem Hywa we Buhara şäherlerine sary rowan bolýan kerwen ýollarynyň çatrygy hökmünde söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklardaky orny has-da ýokarlanýar. Şäheriň bazarlarynda ýerli ilat tarapyndan öndürilen gymmatbaha ýüpek matalaryň, halynyň, şaý-sepleriň, milli saz gurallarynyň, arassa ýüňüň, dürli ir-iýmişleriň gyzgalaňly söwdasy alnyp barylýar. Azerbaýjan, eýran, ermeni we rus täjirleri Aşgabadyň bazarlarynda düýe ýüňünden öndürilen egin-eşikleriň, at esbaplarynyň, haly, kilim, keçe we zergärçilik önümleriniň esasy hyrydary bolupdyrlar. Ýerli bazarlarda rus patyşalygynda öndürilen metala, agaç gap-gaçlaryna, çit matasyna, gaýça, dürli ölçegdäki iňňelere we iňňebagjyklara ýokary isleg bildirilipdir. 1882-nji ýylda Köpetdagyň gerişleriniň üsti bilen Ashabatdan Goçanda çekilen ýol Eýranyň Russiýa bilen söwda dolanyşygyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa Ashabadyň telekeçileriň, senagatçylaryň, binagärleriň hem ylmy adamlaryň şäherine

Aşgabat — gözelligiň ajaýyp nusgasy

Dünýä abadanlyk nuruny çaýýan, parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasaty, gaýtalanmajak binagärlik başlangyçlary netijesinde beýik ösüşlere eýe bolýar. Merjen paýtagtymyzda dünýä ülňülerine kybap gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň, bilimleriň ojagy bolan ak mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport maksatly desgalaryň we beýleki möhüm ähmiýetli binalaryň gurluşygynyň gowşamaýan depginde dowam etdirilmegi paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň düýpli özgermegine ýardam edýär. Ýurdumyzyň paýtagtynda gözellikde deňi-taýy bolmadyk binalaryňdyr desgalaryň ençemesiniň gurulmagy, türkmen halkynyň eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamagy üçin gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň ençeme hatary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ulag ýollary milli Liderimiziň eziz paýtagtymyzy dünýäniň iň ösen we nusgalyk şäherine öwürmek baradaky durmuşa geçirýän halk bähbitli işleriniň datly miweleridir. Gahryman Arkadagymyzyň döwrebap şähergurluşyk maksatnamalarynyň esasyny düzýän we raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürmäge gönükdirilen taslamalar paýtagtymyzy giňden gurşap alýar. Aşgabat şäheriniň dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherdigini aýratyn belläsimiz gelýär. Mermer paýtagtymyzyň gözel keşbi ylmyň döwrebap gazananlar

Baky bagtymyzyň gözbaşy

Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşmaga mümkinçilik berdi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30  ýylynyň içinde agzybir halkymyzyň asuda, abadan, erkin hem-de bolelin durmuşda ýaşamagyna, döretmegine, milli ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy gorap saklamaga, dünýä ýaýmaga giň ýol açyldy. Jemgyýetimiziň syýasy, ykdysady we medeni durmuşy has-da ýokary göterildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda medeniýetde, sungatda, ylym-bilimde, sportda dünýä nusgalyk beýik işler amala aşyrylýar. Ak mermerden gurulýan ýaşaýyş jaýlary, saglygy goraýyş we beýleki medeni-durmuş desgalary kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Agzybir halkymyz toýlary-toýa, baýramlary-baýrama ulaşýan Diýarymyzda Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk şanly senesini abadançylygyň we gülläp ösüşiň nyşany hökmünde uly dabaralar, şatlyk-şowhun bilen belläp geçer.  Çünki, Garaşsyzlyk bize asudalygy, abadan durmuşy peşgeş berdi. Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge giň mümkinçilikleri döretdi.

Döwre ýaň salýan taryhy wakalar

Biziň ýaşaýan zamanamyz — Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň taryhyndaky iň ösüşli, iň ajaýyp zamana diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli hem-de parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bagtyýarlyk döwrüniň sanlyja ýylynyň içinde ähli ugurlarda taryhy özgertmeler amala aşyrylyp, olar halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, zähmetsöýerliginiň aýdyň nyşany bolup dabaralanýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem şeýle özgertmeleriň, şanly wakalaryň biri-birine ulaşmagy her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar. Şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda eden taryhy çykyşynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary hakynda nygtap geçmek bilen: «Halkara hukuga laýyklykda bu saýlawlar demokratik saýlaw hukuklarynyň düzümine girýär. Şoňa görä-de, öňde duran saýlawlar syýasy ulgamy kämilleşdirmek, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak wezipelerinden ugur alnyp, ýokary derejede, aç-açanlyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirilmelidir» diýip belledi.

Döredijilik adamlary döredijilik hakynda

Döretmek lezzeti ýaly beýik lezzet ýok bolsa gerek.Nikolaý Gogol. *  *  *

Ýüreklerde Garaşsyzlyk joşguny

Garaşsyzlyk halkymyzyň ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda kalbynda göteren mizemez arzuwydyr. Türkmen halkyna özbaşdak döwletli bolmak bagty 1991-nji ýylyň tylla güýzünde miýesser etdi. Bu şanly sene ata Watanymyz we halkymyz üçin taryhy ähmiýete eýedir. Türkmenistan döwletimiz indi 30 ýyl bäri özbaşdak — berkarar ýurt. Garaşsyz ýurdumyzda bolsa ata-babalarymyzyň bize miras galdyran egsilmez hazynasy — milli gymmatlyklarymyz we medeniýetimiz asyl nusgasynda dikeldilýär. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirildi. Netijede, ýurdumyzda ilkinji senagat kärhanalary guruldy we oňyn ykdysady ösüşler gazanyldy. Daşary syýasatda özbaşdaklyk ýoluna düşen Garaşsyz Türkmenistan dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy hem-de olaryň birnäçesiniň agzasy boldy. Munuň özi Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesinde gazanan ajaýyp üstünligidir, halkymyzyň parahatçylyga esaslanýan taryhy ýolunyň giň dünýä jemgyýetçiliginde ykrar edilmegidir.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­na Gut­lag ha­ty bi­len ýüz­len­di. On­da: «Ata Wa­ta­ny­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty, me­de­ni ösü­şi hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň sag­dyn­ly­gy ne­sil­le­ri­mi­ziň be­den we ru­hy taý­dan saz­la­şyk­ly ösü­şi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr» diý­lip bel­le­nil­ýär. * * *Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy Gurbanguly Berdimuhamedow Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da fi­zi­ki we ýu­ri­dik şahs­la­ra hu­kuk kö­me­gi­ni ber­mek işi­ni yg­ty­ýar­ly­lan­dyr­mak ha­kyn­da Düz­gün­na­ma tas­syk­la­nyl­dy.

Asudalygyň goragynda

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem, Türkmenistanda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna olaryň işini kämilleşdirmek hem-de maliýe serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylmagyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, ata Watanymyzyň bitaraplyga, dostluga hem-de hoşniýetlilige esaslanýan syýasatyny nazara almak arkaly işlenip taýýarlanylan goranyş häsiýetli Harby doktrinasynda kesgitlenen wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Ýaragy Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, serkerdeleri taýýarlamak ulgamyny ösdürmegiň, şahsy düzümiň arasynda watançylyk-terbiýeçilik işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Täzelikler

Ber­ka­rar döw­le­tiň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hu­su­sy­ýet­çi­le­riň je­mi ön­dü­ril­ýän içer­ki önüm­dä­ki pa­ýy 66 gö­te­rim­den hem geç­di. Işe­wür­ler Ýurt­baş­tu­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da önüm­le­riň da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän­le­ri­niň öwe­zi­ni dol­ýan, şeý­le hem eks­por­ta ug­ra­dyl­ýan­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri­ni yzy­gi­der­li kö­peld­ýär­ler. Bu bol­sa ila­tyň ýy­lyň do­wa­myn­da azyk­lyk we beý­le­ki ýa­şa­ýyş-dur­muş üçin ze­rur bo­lan önüm­le­riň bol­çu­ly­gy­nyň dö­re­me­gi­ne ge­tir­ýär. Te­le­ke­çi­le­re ýe­ral­ma, po­mi­dor, hy­ýar, ke­lem, so­gan we beý­le­ki gök-bak­ja, şeý­le hem beý­le­ki azyk­lyk önüm­le­ri ter­li­gi­ne sak­la­mak we ila­ta ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len so­wa­dy­jy am­mar­la­ry gur­mak, şeý­le hem oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­mek üçin ýer bö­lek­le­ri bök­denç­siz bö­lü­nip be­ril­ýär. 2025-nji ýy­la çen­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­mek üçin su­wa­rym­ly ýer­le­riň meý­da­ny gi­ňel­di­lip, 330,8 müň gek­ta­ra ba­ra­bar bo­lar. * * *Le­ba­byň Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky döw­let saz­ly-dra­ma teat­ryn­da täze möwsüm «Watan jandan ileri» atly sahna oýny bilen başlandy. Re­žissýor Per­hat Hu­daý­be­re­no­wyň go­ýan sah­na oý­nun­da tak­dy­ryň em­ri bi­len ýur­dun­dan alys­lar­da ýa­şa­ma­ga mej­bur bo­lan Gül­ba­har ma­ma­nyň yk­ba­ly bi­len bag­la­ny­ş