"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Aşgabat

Ajap döwrüň ak daňynda ak gül bolup biten sen,Ak ýollardan ösüşlere bedew batly ýeten sen,Joşa gelýär seni gören, dostluk ýollar çeken sen,Ýer ýüzüniň aklygy sen, ak şäherim Aşgabat! Beýik-beýik binalaňda gördüm ajap sungaty,Döwletimiz bir guş deýin, sensiň uçar ganaty,Juwan kalbym joşa geldi görüp ajap syraty,Aziýanyň merjeni sen, päk şäherim Aşgabat!

Zähmet ýerine düşýär

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň şu günlerinde etrabymyzyň ýüpekçileri ýüpek gurçugyny idetmek işlerini gyzgalaňly dowam etdirýärler. Ýüpek gurçugynyň idegini ýetirip, ýokary hilli önüm almak ugrundaky zähmet ýerine-de düşýär. Bu öndüriljek ýokary hilli önümler diňe bir içerki bazarlarymyzda däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem uly islegden peýdalanýar. Etrabymyzyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň ýüpekçileri ýüpek gurçugyny idetmekde has-da tapawutlanyp, zähmet bäsleşiginiň ýeňijileri bolmak üçin arman-ýadaman tutanýerli işleýärler. Tejribeli ýüpekçileriň biri-de etrabyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ejegyz Berdiýewadyr. Bu kärendeçi 40 gram ýüpek gurçugyny idedip, ýokary hilli önüm almakda tutanýerli zähmet çekýär. Bu ýüpekçi gelnejä öz çagalary, gelinleri ýakyndan ýardam berýärler.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna

Şanly senäniň ruhubelentligi Bagtyýarlyk zamanamyzyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda döredijilikli zähmet çekýän türkmen halky taryhy wakalaryň şaýady bolýar. Gahryman Prezidentimiziň başlangyçlaryndan gözbaşly maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýokary netijeler gazanylýar. Şanly ýylymyzyň taryhy wakasy bolan Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýuna görülýän taýýarlyk il-günümiziň kalbyna nur çaýyp, täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Aziýanyň merjen şäheri

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy ählihalk baýramçylygy hökmünde giňden belleniler. Aziýanyň merjeni diýlip atlandyrylýan Aşgabadyň ak mermere beslenen binalarynyň iň köp jemlenen şäheri hökmünde, şeýle hem, başga-da birnäçe görkezijiler boýunça Ginnessiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi biziň ählimiziň buýsanjymyzy, gözel şäherimize bolan guwanjymyzy goşalandyrýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde tanalmaz derejede özgeren, görenleri haýrana goýýan ajaýyp paýtagtymyz özüniň täsin binagärlik keşbi, gaýtalanmajak gözelligi bilen her kimi özüne maýyl edýär. Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzy toplumlaýyn ösdürmek, ony ýaşamak, işlemek, dynç almak üçin zerur bolan ähli amatly şertler döredilen şähere öwürmek barada yzygiderli alada edýär. Aşgabady ösdürmegiň her bir tapgyrynyň taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhüm meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Hormatly Prezidentimiz ilatyň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegini nazarlaýan desgalar gurlanda zerur durmuş, tehniki-ulag we aragatnaşyk düzümleriniň döredilmegine örän oýlanyşykly çemeleşmegi tabşyrýar. Paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyklarda ýokary hilli we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman gurluşyk hem-de bezeg serişdeleriniň ulanylmalydygyny, olaryň ekologiýa we gözellik babat

Paýtagtym — ak bagtym

Dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, agzybirligiň gülläp ösmegine saldamly goşant goşýan Diýarymyzyň her bir güni toý-baýrama beslenýär. Gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan, dünýäniň ösen ýurtlarynyň arasynda iň bir abraýly orunlary eýeleýän medeniýetmizi gorap saklamak, ösdürmek we ony baýlaşdyrmak, täzeden dikeltmek üçin mähriban Prezidentimiziň alyp barýan işleriniň sany sanardan kän. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş neslimiziň geljegi barada edilýän alada ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň wajyp ugurlarynyň biridir. Göreniňde gözüňi dokundyrýan, eşideniňde haýran galdyrýan ýurt bu biziň eziz Watanymyz Türkmenistandyr. Arkadagymyzyň ylham güzerinden döreýän şa eserleri deý paýtagtymyzyň keşbi diýseň görkana, diýseň ajaýyp. Çünki, Aşgabadyň gözelligine Arkadagymyzyň yhlasly zähmeti, mähirli söýgüsi siňýär. Her günümizi täze ösüşlere sary alyp barýan Arkadagymyzyň saýasynda paýtagtymyz Aşgabat tanalmaz derejede özgerdi. Göýä sungat adamsy kalbynyň içki gözelligini öz eserine siňdiren ýaly ak şäherimiz Aşgabat diýseň gözel, görkana! Elbetde, gözellik we inçeden-inçe bezeg işleri bir ýere gaplansa, ol bir tapylgysyz hazyna ýaly elýetmez bolýar.

Okyjy — gazet — okyjy

Altyn başyňyz aman bolsun! Tebigat täsinlikleriniň naýbaşylarynyň biri-de ýaz pasly bolsa gerek. Çünki, ýaz — zeminiň zynaty. Haçan--da, ülkäme bahar gelse, tebigat täsin gülýaka meňzäp, soltan pasyl bolsa zergär mysaly zemini kümüş suwuna batyryp, altyn suwy berlen nepislige öwürýär goýaýýar. Şol pursat ol gözelligi wasp etmäge sözleriň şasy-da ejiz gelýän ýaly. Göwnüňe, gözüňi dokundurýan gözellikler öwgä mätäç däl ýaly bolýar, olary synlap, lezzet almak we guwanmagyň özi öwginiň ýerini tutjak kämillik bolsa gerek.

Özgerýän we gülläp ösýän Aşgabat milli Liderimiziň döredijilik ylhamynyň nyşanydyr

Seýilgäh, suw çüwdürimleri we heýkel toplumlary merjen paýtagtymyzyň göwher gaşydyr Şu ýyl 140 ýyllygyny belleýän Aşgabadyň seýilgähleri we suw çüwdürimleri ak mermerli paýtagtymyzyň bezegi bolmak bilen birlikde, onuň bagy-bossanlyklaryny we gözellikleriň suwly görnüşlerini emele getirip, binagärlik keşpleri bilen paýtagtymyzyň gurşawynyň ajaýyplygynyň üstüni ýetirýär. Olar durmuş nukdaýnazaryndan dynç almak we gezelenç etmek üçin ýer hökmünde we ekologiýa babatda ýumşak, oňaýly mikroklimaty emele getirýän düzümler hökmünde şäheri ösdürmegiň möhüm ugruna öwrüldi. Munuň şeýle bolmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemişe uly üns berýär.

Aşgabat — halkara gatnaşyklaryň merkezi

Paýtagtymyz Aşgabat şäheri, onuň ak mermere beslenen gözel keşbi, binagärlik aýratynlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp we gaýtalanmajak eseridir. Ýurdumyzyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 24-nji maddasynda ýörite kada bilen berkidilýär we onda şeýle bellenýär: «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir». Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýynyň kesgitlenmeginde 2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilen «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny aýratyn ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, Kanunda göz öňünde tutulan käbir ýagdaýlary nygtamak ýerliklidir. Agzalan Kanunyň 1-nji maddasyna görä, Aşgabat şäheri Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, dolandyryş, ylmy we medeni merkezidir. Şeýle hem Türkmenistanyň paýtagty Türkmenistanyň Prezidentiniň Rezidensiýasynda saklanýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň beýanynyň asyl nusgasynyň, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň we Döwlet tugrasynyň etalonlarynyň ýerleşýän ýeri bolup durýar.

Dünýä dolan dabara

Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda egsilmez şatlyga, joşguna we buýsanja beslenip bellenen behişdi bedewlerimiziň we türkmen alabaýlarynyň şanyna tutulan baýramymyzyň dabarasy şanly wakalar bilen dünýä doldy. Bu ajaýyp  baýramçylyk mynasybetli birnäçe sergiler, ylmy maslahatlar, döredijilik we sport ýaryşlary, şol sanda uzak aralyga — 60 kilometrlik marafon geçirildi.

Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

Kemal ÖWLÜÝÄGULYÝEW,Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy: — «Demokratiýanyň we ýeke-täk dolandyryşyň ilkinji sapaklary maşgaladan başlanýar. Maşgala türkmen jemgyýetiniň binýady bolup durýar» diýip, parasatlylyk bilen belleýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasynda adamlar, olaryň abadançylygy, asudalygy, saglygy hakyndaky aladalaryň durmagy bagtyýar durmuşymyzy görkezýär. Maşgala özboluşly ilkinji guramadyr. Onda gatnaşyklaryň köpugurly görnüşleri emele gelýär we dürli meseleler çözülýär. Şoňa görä-de, her bir maşgala maddy we ruhy taýdan üpjün bolmalydyr.

Ak şäherim Aşgabat

Myhmansöýerligiň, ynsanperwerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, nurana döredijiligiň mekany, ýurdumyzyň ýüregi, Aziýanyň merjeni bolan Aşgabat bu gün älem-jahanyň üns merkezinde. Günsaýyn özgerýän, gözelleşýän, gülleýän paýtagtymyz ajaýyp ak mermere beslenýän beýik ymaratlary, kaşaň jaýlary, giň we owadan köçeleri, seýilbaglary bilen bu ýere myhman bolup gelenleriň ünsüni özünde jemleýär. Şeýle ajaýyplyklary synlanyňda bolsa, şäheriň döreýşi, onuň geçmiş-taryhy we ösüşi hakyndaky sowally jümleler biygtyýar seriňe dolýar. Köpetdagyň eteginde, goja dagyň goýnunda seleňläp oturan bu gadymy mekanyň baý taryhy, asyrlara uzaýan beýik geçmişi bar. Onuň üç asyryň şaýady bolup, ynsan dünýäsine gujak gerip oturandygyna geçmişiň gatlaryna syýahat edeniňde doly göz ýetirýärsiň.

Abadan ýollar — bagtyýar iller

Hemişelik Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň toýunyň bilelikde tutulmagy ýurdumyzyň ykdysady, medeni we beýleki ugurlardaky ýeten belent sepgitlerini dabaralandyrýar. Aziýanyň merjeni — paýtagtymyz Aşgabat şäherleriň seresi bolup, dünýä parahatçylygyň we ösüşiň ýalkymyny saçýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, myhmansöýer paýtagtymyzyň gözelligi täze binalaryň gurulmagy bilen barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň dünýä nusgalyk ýörelgeleri gurmak döredijiliginde mynasyp orun alyp, halkymyzyň eşretli durmuşyny has-da gözelleşdirýär. Baky Bitaraplyk ýörelgelerimizi bolsa çuň mazmun bilen baýlaşdyrýar. Şeýle işler ata Watanymyzyň halkara derejesinde abraý-mertebesini hem barha belende göterýär.

Gahryman Arkadagym!

Döwür, döwranyňy reýhan kylmyşam,Şäherňi,  säherňi seýran kylmyşam,Dana diwanlarňy ýüze sylmyşam,Gahryman Arkadagym! Haýrana goýandyr bat-ädimleriň,Neslindensiň,      essindensiň mertleriň,Dowamyn ýöredýäň zor ägirtleriň,Gahryman Arkadagym!

Geňeşliniň döwleti kuwwatly

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 14-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 140 ýyllyk şanly senesini baýram edýän paýtagtymyzda Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistan döwletimiziň gurluşynda täze kanun çykaryjy edara bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty döredildi. Onuň işiniň netijeli alnyp barylmagy we dolandyrylmagy üçin bäş komitetden ybarat bolan düzümi tassyklanyldy. Taryhy maslahatda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň komitetleriniň öňünde durýan wezipeleri kesgitläp berdi. Bular dogrusynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň komitetleriniň käbir ýolbaşçylarynyň beren gürrüňlerini okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildik. Merettagan TAGANOW,Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy:

Döwrümiziň taýlany hem toýlany

Halkymyzyň kämillik derejesine ýetiren bu gymmatlyklarynyň häsiýetli aýratynlyklaryna nazar aýlanyňda türkmeniň dörediji halkdygyny, sungatyň hak aşygydygyny görmek bolýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelerde, tutumly başlangyçlarda, taryhyň gatlarynda baky galjak şanly wakalarda halkymyzyň kämillik derejesine ýetiren milli gymmatlyklary, milli ýörelgeleri özboluşly beýanyny tapýar. Muny ýaňy-ýakynda ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilip geçilen Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň dowamynda bolup geçen täsirli pursatlaryň mysalynda hem görmek bolýar.

Sungata siňen goşa buýsanç

Türkmen halky kämil zady, nepis zady görende hemişe: «Sungat eseri ýaly» diýýär. Türkmen ýigidiniň syrdaşy, wepadar dosty — ahalteke bedewlerimizde hem owadanlyk, güýç-kuwwat, edalylyk, ýyndamlyk, wepadarlyk, duýgurlyk ýaly aýratynlyklar jemlenen. Diýmek, halkymyzyň «sungat eseri» diýýän jümlesi kämilligiň nusgasy bolan türkmen bedewine hem degişli. Şol sebäpden-de gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, zergärçilik sungatymyzda bedew atlarymyza aýratyn orun berilýär. Halkymyzyň döreden kämil gymmatlyklarynyň ýene-de biri türkmen alabaýlarydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda türkmen alabaýyny ösdürip ýetişdirmäge, arassa tohumyny saklamaga, dünýädäki şan-şöhratyny beýgeltmäge aýratyn üns berilýär. Halkymyzda itiň eýesine, töwerek daşyna hemişe ýagşy dileg edýändigi hakynda bir ynanç bar. Hut şu sebäpden bolsa gerek, halkymyz «It geldi — gut geldi» diýýär.

Ýaşyl gurşawly Aşgabat

Esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy baýram edilýän gözel şäherimiziň ýaşyl lybasy egnine ymykly «atynmagy» üçin ýyllar gerek bolupdy. Şäheri baglaşdyrmak işi onuň esaslandyrylan günlerinden diýen ýaly başlanýar. Aşgabat şäherimiz barada gürrüň açylanda, ilki bilen, onuň ak mermere beslenen binalaryny gurşap oturan gür baglyklary, seýilgähleri göz öňüne gelýär. Dürli görnüşli baglaryň özboluşly sazlaşygy bir tarapy Garagum sähralygyna aralaşyp gidýän paýtagtymyza gelen islendik myhmany-da haýrana goýýar.

Syrly gürrüň

Ýaş söhbetdeş gardaş, salam,Salam gatyndan ýyllaryň.Bagta, söýgä garaşsaňam,Dertdeş ýok diýip, ýyglama. Dyzmaç bolma, gadyrdanym,Ejiz pyýadakaň asla.Perzi çykma:ň bardyr ýoly,Goldaryn men, alňasama...

Täze keşpli gymmatlyklar

Indi birnäçe ýyl bäri Russiýa Federasiýasynyň döwlet rejeleýiş ylmy-barlag institutynyň rejeleýiş bölüminiň birinji derejeli hünärmeni Galina Eduardowna Werostskaýa türkmen we daşary ýurtly alym-arheologlaryň ýurdumyzda ýerleşýän gadymy ýadygärliklerde geçiren ylmy barlag işleri döwründe ýüze çykaran dürli tapyndylaryny asyl durkuna ýakyn görnüşde täzeden dikeltmek bilen içgin meşgullanýar. G.E.Werostskaýanyň bu ugurda alyp barýan köpugurly işleri netijesinde, halkymyzyň taryhyny şöhlelendirýän ençeme gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýleriniň özboluşly bezegine öwrüldi. Biz gazetimiziň şu sanynda G.E.Werostskaýanyň bu ugurda alyp baran ylmy işleri barada gürrüň berýän makalasyny okyjylarymyza ýetirýäris.

Abadan durmuş — döwletlilik binýady

Döwletlilik. Berkarar Watan. Abadançylyk. Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda şu düşünjeleriň ählisini bir bitewülige öwrüp gelipdir. Biz kimdir biriniň işiniň ugruna bolup gitmegi barada gürrüň açanymyzda: «Döwlet tapdy» diýsek, bir ýere gidilende: «Baran ýeriňde döwlet tap» diýýäris. Edilen ýagşylyk üçin ýürekden çykan alkyşlar bolsa hemişe «Döwletiň artsyn!» diýen jümle bilen hemradyr. Hut şonuň üçinem ýurt berkararlygymyz, abadançylygymyz hakda söz açanymyzda-da şu ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty netijesinde halkymyza döwletiň ýar bolandygyny buýsanç bilen dile getirýäris. Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda buýsançly, ýeňişli menziller geçilýär. Şol menzilleriň, pursatlaryň ählisi birleşip, ýeňişlerden doly döwrümiziň keşbini emele getirýär. Şol buýsançly pursatlar barada pikir edeniňde bolsa milli Liderimiziň peşgeş eden kitaplary, olardaky dürdäne setirler, jümleler seriňe gelýär. Olardan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Ata-babalarymyzyň agzybirlik baradaky pentleri asyrlary külterläp, gadymylygyň gatlaryndan dowam edip gelýär. «Ojagyňda agzybirlik bolsun!» diýilýändir. Bir supranyň başyna jem bolan il-halkymyzyň geljege umydy agzybirligimizdedir. Agzybirlik adalatlylygyň we döwletliligiň sütüni. «Bir supradan başlanýan agzybirlik il-ulsuň agzybirliginiň binýadydyr» diýip bellemek bilen, döwletliligim