"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

GÖRNÜKLI DIPLOMAT, HALYPA MUGALLYM

Her gezek halypanyň iş otagynyň gapdalyndan geçenimde, bir zada haýran galýaryn. Ol iş stolunyň üstündäki kompýuterde bir zatlary ýazyp oturandyr. Ýaşynyň birçene barandygyna garamazdan, halypa hemişe täzeçilligiň gözleginde. Pikirler ummanynda ýüzüp ýören mahalyň: «Tüweleme, munça güýç-gaýrat nireden gelýär?» diýen tolkun bilen zol-zol çaknyşýarsyň. Muňa guýmagursak zehin diýjekmi ýa-da zähmetsöýerlik... Meniň pikirimçe, Amangeldi Rahmanowa bularyň ikisi hem berlipdir. Ol 1944-nji ýylyň 25-nji iýulynda Mary topragynda, Murgap derýasynyň sapaly kenarynda dünýä inýär. Oňa goýlan at hem pederiniň Watan öňündäki borjuny birkemsiz ýerine ýetirip, sag-aman Watanyna dolanyp gelendigi bilen bagly. Belki, körpeje Amangeldi doglanda, käbesidir kyblasy öz perzentleriniň geljekde ata Watanyndan ilkinji bolup, abraýly halkara guramada işlejekdigini pikirem eden däldirler...

DÜNÝÄ ÝAŞLARA DAÝANÝAR

Abraýly halkara guramalaryň hasaplamalaryna görä, dünýä ilatynyň agramly bölegi ýaşlardan ybarat. Ýaşlar – döwrüň hereketlendiriji güýji, dünýäniň we adamzadyň geljeginiň berk binýady. Bu gürrüňsiz hakykata häzirki wagtda has hem uly ähmiýet berilýär. Ählumumy parahatçylygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlyk arkaly ösüşiň üpjün edilmegi, ekologiýa abadançylygynyň we halklaryň arasynda ynsanperwerlik ýörelgeleriniň berkarar edilmegi ýaly döwrüň öňe sürýän möhüm syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli meseleleri, uzak geljegi nazarlaýan başlangyçlar dünýä ýaşlaryny has-da jebisleşdirýär, olaryň arasynda ruhy we ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan raýdaşlygy emele getirýär. Golaýda Özbegistan Respublikasynda geçirilen Bütindünýä ýaşlar festiwalynyň mysalynda muňa aýdyň göz ýetirmek mümkin. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly tagallasy bilen hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň syýasy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny höweslendirmek, işewürlik we döredijilik ukyplaryny ösdürmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyň bu ugruna möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatda döwletleriň we abraýly halkara guramalaryň işjeň gatnaşmaklarynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hoşniýetli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ilerledilýär.

TÜRKMEN HALKYNYŇ ASYLLY ÝÖRELGESI

Diýarymyzda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna, raýat jemgyýetini pugtalandyrmaga, syýasy, ykdysady, demokratik özgertmeleri has-da işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyz ynsanperwerlik we adalatlylyk ýörelgelerini ykrar edip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak we şahsyýetiň ähli hukuklaryny we azatlyklaryny dolulygyna goramak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri bir uly işiň başyny tutanda ýaşulular bilen maslahatlaşyp, köpi gören adamlar bilen geňeş edipdir. Pederlerimizden miras galan asylly ýörelge häzirki ajaýyp zamanamyzda hem mynasyp dowam etdirilýär. Demokratik ýörelgelere eýerilip, il-ýurt ähmiýetli möhüm çözgütler kabul edilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi halkyň bähbidiniň ileri tutulmagyny üpjün edýär. Döwletimizde halk bilen geňeşmek, halk maslahatlaryny yzygiderli geçirmek asylly däbe öwrüldi.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Şöhrat Annagurbanowiç Amangeldiýew başga işe geçmegi sebäpli Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. ***

Halkymyzyň dünýä nusgalyk ýörelgeleri döwrüň ruhuna laýyk ösdürilýär

Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek asylly däbe öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem hormatly Prezidentimiz döwlet Garaşsyzlygynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini, mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleriniň jemleniljekdigini, öňde duran möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dowam etdirilýän demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde täze belentliklere ýetýär. Ýurdumyzda halk häkimiýetlilik ýörelgeleri, raýat jemgyýetiniň esaslary yzygiderli berkidilýär. Halk Maslahatynyň mejlisine raýatlarymyzyň bähbitlerini üpjün etmäge, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen meseleleriň giň toplumy giriziler. Gahryman A

Gazanylýan ösüşler: Ahal welaýaty

Häzirki wagtda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge niýetlenen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» hereket edýär. Bu Maksatnamalar sebitleri mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek, ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Maksatnamanyň» çäklerinde welaýatda birnäçe kärhanalar gurlup, işe girizildi. Gökdepe etrabynyň Owadandepe obasynyň çäginde «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy, Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurlup, ulanylmaga berlen 5 müň tonna türkmen pagtasyny gaýtadan işlemäge niýetlenen iri dokma toplumlary, Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän senagat zolagyndaky halkyň gündelik sarp edýän hojalyk harytlaryny öndürýän hususy kärhanalar häzirki wagtda ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini hem barha artdyrýar.

Akyldaryň watansöýüjilik ýörelgeleri

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek mynasybetli, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşi tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», şeýle hem Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralaryň we çäreleriň halkara derejesinde giň gerime eýe bolýandygynyň nyşanydyr. Gündogaryň beýik söz ussady we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde watançylyk duýgularyna uly orun beripdir. Akyldar şahyryň ýürek arzuwlary häzirki ajaýyp döwrümizde wysal boldy.

Tbiliside Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi açyldy

Görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly belläp geçmegiň çäklerinde 2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda «Ahundowyň öýi» muzeýinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan guralýan Magtymguly Pyragy: Gruziýanyň gözi bilen» atly fotosurat sergisi açyldy. «Magtymguly Pyragy: Gruziýanyň gözi bilen» atly fotosurat sergisiniň açylyş dabarasyna Gruziýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, professional suratçylar, şol sanda bu ugra höwesjeňler, medeniýet we sungat işgärleri, ylmy intelligensiýasy, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Döwletlilik ýörelgelerimiziň dabaralanmasy

Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler, jemgyýetimiziň abadançylygy we ählumumy ruhy galkynyş Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan beýik işleriň ajaýyp miweleridir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda bu hakykat has-da aýdyň duýulýar. Hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, oňa häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, 20-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary kabul edilip, oňa laýyklykda, bu umumymilli forumy şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Asylly däbe görä, şanly senäniň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimiziň ösüş-özgerişli ýolunda ýetilen sepgitleriň, gazanylan uly üstünlikleriň, bitirilen tutumly işleriň jemleri jemlener hem-de belent sepgitlere ýetmek üçin täze wezipeler kesgitleniler.

Zäh­met­sö­ýer­lik — bag­ty­ýar­lyk­dan ny­şan

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024 Zäh­met­sö­ýer­lik yn­sa­ny be­ze­ýän iň ýag­şy hä­si­ýet­le­riň bi­ri­dir. Hut şo­nuň üçin hem şöh­rat­ly pe­der­le­ri­miz ne­sil ter­bi­ýe­sin­de bu me­se­lä aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­rip­dir­ler. Ösüp gel­ýän ýaş­la­ryň il-gü­ne we­pa­ly, il­ha­lar yn­san­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ni ga­zan­mak­da ola­ryň aňy­na ki­çi­lik­den zäh­met­sö­ýer­lik duý­gu­la­ry­nyň or­naş­ma­gy­ny ga­za­nyp­dyr­lar. Esa­san hem, og­lan ça­ga­jyk­la­ryň eli­ne ki­çi­lik­den pil­dir kät­men ýa­ly iş gu­ral­la­ry­ny ber­se­ler, gyz­ja­gaz­la­ra öý-içe­ri­niň iş­le­ri­niň ýa­ny bi­len boş wagt­la­ry ell­e­ri­ne iň­ňe­dir sa­pak tut­du­ryp, el iş­le­ri­ni hem us­sat­lyk bi­len öw­re­dip­dir­ler. Bu peý­da­ly en­dik­ler ýaş­la­ryň boş wagt­la­ry­ny ne­ti­je­li ge­çir­mek­le­ri­ni, peý­da­ly iş­le­re sarp et­mek­le­ri­ni, ýa­ra­maz he­re­ket­ler­den daş­da dur­ma­klaryny ga­zan­dy­ryp­dyr.

Buýsanç dö­red­ýän be­ýik iş­ler

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024 Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň döw­le­ti­mi­zi dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na ýe­tir­mek ba­ra­da­ky taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bar­ha ro­waç­la­nyp, ösüş­le­riň röw­şen ýo­lu­na dü­şen­di­gi­ni bu gün bü­tin dün­ýä yk­rar ed­ýär. Hormat­ly Prezidentimi­ziň alyp bar­ýan öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sat­la­ry, be­ýik iş­le­ri biz ýaş­lar­da uly hy­juw, joş­gun we ru­hu­be­lent­lik dö­red­ýär.

XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna

Hormatly Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalary! Gadyrly türgenler!

«Kö­pet­da­gyň ete­gin­de gal­dy bu gün ör­bo­ýu­na»

Gö­wün­ler, ýü­rek­ler, bir bo­lup baş­lar,Tart­sa ýy­gyn, erär top­rak­lar-daş­lar,Bir sup­ra­da taý­ýar ky­lyn­sa aş­lar,Gö­te­ri­ler ol yk­ba­ly türk­me­niň – diý­mek bi­len, mäh­ri­ban türk­men hal­ky­nyň bir sup­ra­nyň ba­şyn­da jem­len­me­gi­ni, ag­zy­bir­lik­de bir ber­ka­rar döw­le­te gul­luk et­me­gi­ni ar­zuw­lap ge­zen Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň äh­li ar­zuw­la­ry­nyň ha­syl bo­lan za­ma­na­syn­da ýa­şa­mak, iş­le­mek, dö­ret­mek, gur­mak bag­ty mi­ýes­ser eden bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­myz öz akyl­dar şa­hy­ry­nyň hor­mat-sar­pa­sy­ny tut­mak­da, at-ab­ra­ýy­ny beý­gelt­mek­de hem dün­ýä nus­ga­lyk iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ama­la aşy­ryl­ýan, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­ýan şol be­ýik iş­le­riň ha­ta­ryn­da paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­ta bö­le­gin­de bi­na edi­len Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ýa­dy­gär­li­gi­ni hem-de «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my­ny buý­sanç bi­len gör­kez­mek bo­lar.

Okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şyk­la­ry ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak tej­ri­be

2 – 19-njy iýul ara­ly­gyn­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da ýer­leş­ýän Bü­tin­dün­ýä We­los­port mer­ke­zin­de okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy­nyň gu­ra­lyp, oňa türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň hem ça­gy­ryl­ma­gy Wa­ta­ny­myz­da spor­tuň bu gör­nü­şi­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re ber­len ýo­ka­ry ba­ha­nyň ny­şa­ny bol­dy. Ýyg­na­ny­şy­ga Türk­me­nis­ta­nyň We­los­port fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň tä­lim­çi­si Igor Ýul­da­şow hem-de Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň spor­tuň olim­pi­ýa gör­nüş­le­ri fa­kul­te­ti­niň ta­ly­by, we­los­port bo­ýun­ça sport us­sat­ly­gy­na da­laş­gär Se­winç Gut­ly­my­ra­do­wa gat­naş­dy. Bi­ziň S.Gut­ly­my­ra­do­wa bi­len söh­bet­deş­li­gi­miz hem bu çä­rä­niň äh­mi­ýe­ti ha­kyn­da­ky gür­rüň­den baş­lan­dy: – Bü­tin­dün­ýä We­los­port mer­ke­zi­niň bin­ýa­dyn­da ge­çen okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak tej­ri­be bol­dy. Şu­nuň ýa­ly ýo­ka­ry de­re­je­li ýyg­na­ny­şy­ga türk­men tür­ge­ni hök­mün­de gat­naş­mak me­niň üçin be­lent mer­te­be­dir. Bu çä­rä bäş ýur­duň we­kil­le­ri gat­naş­dy. Türk­me­nis­tan­dan baş­ga-da, Wýet­nam­dan iki tür­ge­niň hem-de Mon­go­li­ýa­nyň we Pa­kis­ta­nyň bir we­lo­si­ped­çi­si­niň gat­naş­ma­gy bi­ze şol döw­let­le­riň mil­li mek­dep­le­ri­niň de­re­je­si we ýe­ten sep­git­le­ri bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­ret­di.

Paýtagtyň sport durmuşyndan

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de gö­zel paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­rin­de hem-de we­la­ýat­la­ry­myz­da gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän sport mek­dep­le­ri­dir sport des­ga­la­ry­nyň be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek­de uly äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny buý­sanç bi­len bel­le­mek bo­lar. Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň Tä­ze za­man be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş top­lu­my­ny gör­kez­mek bo­lar. Bu aja­ýyp sport top­lu­my şeýle desgalaryň biridir. Bu ýerde 4 açyk sport meý­dan­çasy, şonça-da ýa­pyk sport zaly he­re­ket ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da spor­tuň dzýu­do, sam­bo, sö­weş sam­bo­sy, er­kin gö­reş, kik­boks, fut­bol we uly ten­nis gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça tür­gen­le­şik­le­re ýaş­lar uly hö­wes bi­len gat­naş­ýar­lar. Ka­şaň iri des­ga­la­ryň ha­ta­ryn­da my­na­syp orun eýe­le­ýän döw­re­bap sport mek­dep­le­ri we sport des­ga­la­ry ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­ri­mi­zi di­ňe bir be­den taý­dan däl, eý­sem, ru­hy taý­dan hem ter­bi­ýe­le­mek­de, ýaş­lar­da mak­sa­daok­gun­ly­ly­gy, tu­tan­ýer­li­li­gi, öz­le­ri­ne hem-de üs­tün­lik­le­re bo­lan yna­my ke­ma­la ge­tir­mek­de we ös­dür­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýedir.

Awaza — syýahatçylygyň türkmen nusgasy

Ha­za­ryň türk­men bö­le­gi sa­gal­dyş-dynç alyş we eko­lo­gi­ki sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mekde ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe­dir. Hä­zir­ki wagt­da sy­ýa­hat­çy­lyk mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň wa­jyp ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­mak bi­len, ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan mun­dan beý­läk hem ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. 2007-nji ýy­lyň iýun aýyn­da ge­çi­ri­len «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy dün­ýä möç­be­rin­de uly wa­ka bol­dy hem-de ýur­du­my­zyň dynç alyş we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça tä­ze­çe çe­me­leş­mä­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Bu äh­mi­ýet­li tas­la­ma­nyň esa­sy mak­sa­dy Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň nuk­daý­na­za­ryn­dan şeý­le wa­jyp tas­la­ma­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn ama­la aşy­ryp, ýur­du­my­zyň ila­ty­nyň ýa­şaý­şy üçin ze­rur şert­ler bi­len do­ly üp­jün et­mek­den yba­rat bo­lup dur­ýar. Şol ýy­lyň ahy­ryn­da bu sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyň il­kin­ji des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şyk­la­ry­na baş­la­nyl­dy. 2009-njy ýy­lyň iýu­nyn­da Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da tä­ze bi­na­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy.

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsy kabul etdi. Duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ýaşlar — Watanyň daýanjy

Bu sözler diýleninde, ilkinji nobatda, uly ýeňişlere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly, şol ýylyň tamamlanmagy mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-halkymyza sowgat eden adybir ajaýyp kitaby bilen baglanyşykly ýakymly oý-pikirler, gazanylan zähmet üstünlikleri, amala aşyrylan iri taslamalar, durmuşa geçirilen beýik işler ýadyňa düşýär. Olaryň galdyran ýakymly täsirleri kalplara şatlyk, ýüreklere buýsanç paýlaýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň mazmunyndan eriş-argaç bolup geçýän, ýaşlaryň eziz Watanymyzyň geljegini gurujylardygy hakyndaky esasy pikir millionlarça ýaş ýüreklere mäkäm ornaşdy, olaryň mähriban Diýarymyzy gülledip ösdürmeklige ýugrulan belent maksatlarynyň amala aşmagy üçin şamçyrag bolup şugla saçdy. Şonuň üçin bu kitap ýaşlarymyzyň hemişelik durmuş hemrasyna, ruhlaryny göteriji gymmatlyga öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň özlerine bildirýän beýik ynamy ýaşlaryň täzeçe pikirlenmelerine, işe çynlakaý, jogapkärli çemeleşmelerine itergi berdi.

Üns beriň, bäsleşikli söwda!

Aý­dyň mak­sat­lar — dur­nuk­ly ösüşiň kepili

12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Hö­kü­met mej­li­si­niň ba­şyn­da 2024-nji ýy­lyň ýan­war — iýun aý­la­ry­nyň mak­royk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ha­sa­bat döw­rün­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ryn­da gör­len çä­re­le­riň ne­ti­je­sin­de, je­mi içer­ki önü­miň dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün edil­di. Bu gör­ke­zi­ji se­na­gat pu­da­gyn­da 3,6 gö­te­ri­me, gur­lu­şyk­da 9,3 gö­te­ri­me, ulag we ara­gat­na­şyk pu­da­gyn­da 7,3 gö­te­ri­me, söw­da­da 7,8 gö­te­ri­me, oba ho­ja­ly­gyn­da 5,8 gö­te­ri­me, hyz­mat­lar ul­ga­myn­da 7,9 gö­te­ri­me deň bol­dy. Ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, je­mi ön­dü­ri­len önüm 11,5 gö­te­rim art­dy. Şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­my bo­ýun­ça bö­lek sa­tuw ha­ryt do­la­ny­şy­gy, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 11