GULBABA ADYNDAKY ÇAGALAR BAÝRAGY

8 Fewral 2023
1076

2023-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasyna paýtagtymyzdan we welaýatlardan baýragyň eýesi bolan zehinli çagalar we çagalar toparlary ýygnandy. Olaryň köpüsi ýaş aýdymçylardyr. Ýeňijilere degişli Şahadatnamalar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Şu ýyl baýraga ýurdumyzda jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, ýokary döredijilik ukybyny görkezen zehinli çagalar hem-de çagalar döredijilik toparlary mynasyp boldy.

Gurbannazar ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.