Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutyna okuwa çagyrýarys!

6 Fewral 2023
824

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty 2023-2024-nji okuw ýylynda Watana, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlakly, beden hem ruhy taýdan sagdyn, degişli bilim maksatnamasyny özleşdirmäge ukyply we taýýarlykly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän, şeýle hem Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildirýän umumy orta bilimli, ýaşy 24-den geçmedik ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edýändigini habar berýär. Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar.

2. Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň çäklerinde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça goşmaça şertler kabul edilýär. Dersler boýunça giriş synaglary türkmen dilinde kabul edilýär.