Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda edebi mirasy dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligini, pelsepewi, ahlak pikirlerini, şahyrana çeperçilik ussatlygyny öwrenmekde düýpli işler alnyp barylýar.
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň Ýewropa neşirlerine aralaşmagyna ilkinji bolup badalga beren polýak alymy Aleksandr Leonardowiç Hodzko-Boreýko hasap edilýär. 1804 — 1891-nji ýyllarda ýaşap geçen bu meşhur magtymgulyşynas alym Horasan, Hazar etraplarynda 1830 — 1837-nji ýyllarda rus diplomatiýasynda işlän döwründe Magtymguly Pyragy, türkmen medeniýeti, halklaryň durmuş etnografiýasy, Gündogar edebiýaty barada köpsanly taryhy gymmatlyklary toplaýar we olar 1842-nji ýylda Londonda iňlis dilinde «Meşhur şygryýetden parçalar» ady bilen kitap görnüşinde neşir edilýär. Professor Aleksandr Leonardowiç Hodzko-Boreýko bu kitabynda Magtymguly Pyragynyň 3 sany şygrynyň terjimesini, terjimehalyny, ykbaly baradaky halk kyssalary ýerleşdirmek bilen, ilkinji bolup Ýewropa okyjylaryny türkmen şahyry bilen tanyşdyrýar.