Türkmenistan döwletimiziň her bir ýyly uludan-uly şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösüşini berkitmek, dünýädäki ornuny has-da pugtalandyrmak üçin ähli tagallalar edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýan işler hem muňa aýdyň subutnama bolup durýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen diňe içerki däl, eýsem, daşary syýasat babatynda hem uly işler alnyp baryldy. Türkmenistan tarapyndan ýurdumyzda we daşary ýurtlarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýän möhüm syýasy gepleşikler, işewürlik duşuşyklary, forumlardyr giň gerimli medeni çäreler, sergiler, maslahatlar dabaraly ýagdaýda geçirildi. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde «Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda» ady bilen geçirilen ylmy duşuşykda taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak hem-de wagyz etmek, Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary, mümkinçiliklerini artdyrmak, gadymyýetiň binagärlik desgalaryny gorap saklamak, ekologiýa babatda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça meselelere garaldy. «Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» şygary bilen sanly ulgam arkaly geçirilen halkara maslahat hem ýatda galyjy boldy. Daşary ýurtly kärdeşler bilen baglaşylan halkara resminamalaryň durmuşa geçirilişi hem-de geljekde ylalaşyljak resminamalardyr meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu forumda daşary ýurtly meşhur, iri habarlar agentlikleriniň, elektron neşirleriň, teleradioýaýlymlaryň žurnalistleri sanly ulgam arkaly çykyşlarynda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň döwrebap işlerini yzygiderli nygtadylar. Ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi barada hemmetaraplaýyn edilýän aladalar her birimizi buýsandyrýar.