Osty galasy

18 Ýanwar 2023
1452

Gojaman Jeýhunyň sag we çep kenarlarynda geçmişden miras galan taryhy-medeni ýadygärlikleriň ençemesi bar. Şolaryň biri hem Çärjew etrabyndaky Osty galasydyr. Ol Çärjew etrabynyň Farap şäherinden 40 kilometr çemesi demirgazykda, uly ýoluň ugrunda ýerleşýär. Biziň döwrümize çenli saklanyp galan gadymy ýadygärlikleriň biri bolan bu galanyň diwarlary dikligine ýonulyp gurlupdyr. Galanyň medeni gatlagynyň galyňlygy bäş metrdir we onuň üstüne çykmak üçin diňe ýekeje ýoly bolup, ol gyryň günorta-gündogar tarapynda biraz açyk galdyrylan bölegidir.

Häzirki döwürde bu galany ýerli ilat «Goçgarata» diýip atlandyrýar. Mirasy öwrenijileriň pikirine görä, galanyň bir burçunda goçuň heýkeliniň bolmagy onuň şeýle atlandyrylmagyna sebäp bolupdyr. Bu galanyň gadymy ady mälim däl. Şol sebäpli-de ony ýerleşýän obasynyň ady bilen bagly atlandyrypdyrlar. Osty galasynyň ady «üst» sözi bilen baglanyşykly bolup, oňa ir döwürde «Üstgala» diýlipdir. Soňra bu söz şol ýerde ýerleşýän obanyň adyna geçýär. Ilkinji gezek 1939-njy ýylda arheolog we etnograf S. P. Tolstow bu ýerde ylmy-barlag işlerini geçirip, galanyň dörän döwri biziň eýýamymyzdan öň IV asyr we biziň eýýamymyzyň I asyryna degişli diýip kesgitleýär hem-de çyzgysyny çyzýar. Ol bu ýerde irki döwürde ilatyň ýaşandygyny subut edýän arheologik tapyndylary tapýar. 1966—1968-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ş. Batyrow adyndaky taryh institutynyň ylmy işgäri W. N. Pilipkonyň ýolbaşçylygynda galada gazuw-agtaryş işleri geçirilipdir. Şonuň netijesinde bu ýerde irki orta asyrlarda-da ýaşaýşyň bolandygy mälim edilýär. Osty galada ýaşaýyş Çingiz hanyň basybalyjylykly urşuna çenli dowam edipdir, soň bu ýerde ýaşalmandyr. XIX asyrda gala täzeden dikeldilip, ýerli ilatyň duşmandan goranmak üçin gaçybatalgasy bolup hyzmat edipdir.

Ogulgerek AGAJANOWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.