Gahryman Arkadagymyzyň 15-nji ýanwarda Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça degişli ýolbaşçylar bilen geçiren maslahatynda, Arkadag şäherinde bina ediljek metjidiň gurluşygyna dahylly taslamalardyr çyzgylary synlap, metjidiň ýanynda okuw medresesiniň hem gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtmagy bagtyýar watandaşlarymyzyň köňül guşuny ganatlandyrdy. Nygtalyşy ýaly, medreseler türkmen halkynyň öz milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny asyrlarboýy saklap we gorap gelmeginde, halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan yslam dinini hem-de dünýewi bilimleri öwrenmekde aýratyn orun eýeläpdir.
Geçmişde Watanymyzda ýiti zehinli, meşhur şahsyýetleriň döremegine we kemala gelmegine oba-şäherlerdäki köp sanly ylym, medeni aň-bilim edaralarynyň — medreseleriň, hanakalaryň, kitaphanalaryň we obserwatoriýanyň oňaýly täsir edendigini taryh sahypalary subut edýär. Ýokary bilim berýän okuw mekdebi bolan medreseler türkmen topragynda irki döwürlerden bäri meşhurdyr. Taryhy jähetden, medreseler ykdysady, medeni taýdan ösen, syýasy taýdan durnukly Watanymyzyň binagärlik sungatynyň hem aýrylmaz bölegidir.