Ata Watanymyzda daşky gurşawy goramak, sagdyn ekologiýa şertlerini üpjün etmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen sebitde we dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de tebigat gözelliklerini goramak boýunça edilýän tagallalar geljekki nesiller baradaky aladadan ugur alýar. Ýurdumyzda dürli mazmunly taslamalar durmuşa geçirilende, ekologiýa talaplarynyň berk berjaý edilmegi döwletimiziň bu ugurdaky işlere goşýan goşandynyň güwäsidir. Daşky gurşawy goramak, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlardyr. Döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Azyk we oba hojalyk guramasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti ýaly halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça dünýä derejesinde tagallalaryny gaýgyrmaýar. Bu ugurda halkara möçberde umumadamzat ösüşiniň bähbitlerini nazarlaýan teklipler, başlangyçlar bilen çykyş edýär.
Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň emele gelmegi, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan aras-salygynyň üpjün edilmegi, Garagumuň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi tebigaty goramak we ekologiýa howpsuzlygy babatdaky syýasaty durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň subutnamasydyr. Şol işleriň netijesinde arassa hem howpsuz ekologiýa gurşawy emele gelýär.