Ýurdumyzda zenanlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň üpjün edilmegine uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Ösüp gelýän nesilleri belent watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, olarda ata Watana, halka, jemgyýete hem-de maşgala bolan belent söýgi we hormat duýgularyny döretmekde mähriban enelerimiziň hyzmaty örän uludyr» diýmek bilen, ynsan nesliniň dowam etmeginde zenanyň orny we adamzat üçin eneligiň ähmiýeti barada nygtap geçýär. Şu nukdaýnazardan hem döwlet aýallara goşmaça hukuklaryň we azatlyklaryň uly toplumyny kepillendirýär we şol hukuklaryň amala aşyrylmagy üçin ähli zerur şertleri döredýär. Mysal üçin, halkara hukugynyň kadalaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň zähmet hukuk gatnaşyklarynda fiziki we biologiki aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, aýal-gyzlara goşmaça ýeňillikler bellenilýär.
Möhüm halkara-hukuk namalarynyň ençemesiniň gatnaşyjysy bolan Türkmenistanda aýallaryň deňhukuklylygy döwlet tarapyndan kepillendirilýär. Adamyň azatlyklary we hukuklary, aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygy baradaky kadalar Esasy Kanunymyzyň özenini düzýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň aýallaryň bähbidiniň goralmagyna we gender deňligine gönükdirilen birnäçe esasy resminamalaryna goşuldy. Olaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň «Aýallar babatda hukuklary kemsitmegiň ähli formalaryny ýok etmek hakynda Konwensiýany», Zähmetiň Halkara Guramasynyň «Erkek adamlary we aýallary deň ähmiýetli zähmeti üçin deň derejede sylaglamak hakyndaky Konwensiýany», «Aýallaryň syýasy hukuklary baradaky Konwensiýany», «Aýallar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky Konwensiýa degişli Fakultatiw Teswirnamany» görkezmek bolar.