Ga­raş­syz­lyk söh­be­ti («soň­lan­ma­jak söh­bet­ler» at­ly ma­ka­la­lar top­lu­myn­dan)

28 Iýul 2022
921

Köňülden şeýle owazlar eşidilýär:

— Bu gün biziň ýurdumyz — Garaşsyz Türkmenistan dünýä döwletleri bilen egnini deňlän abraýly hem ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde tanalýar. Ol bolsa ilki bilen ýurtda alnyp barylýan öňdengörüjilikli we oýlanyşykly daşary hem-de halk, Watan bähbitli, ykdysady ähmiýetli, dana içeri syýasatynyň netijesidir. Ikinjiden bolsa, «Biz gadymy halk hökmünde hem, geçmişde beýik döwletleri guran halk hökmünde hem, dünýä ýol-ýörelge beren halk hökmünde hem, bu günki özbaşdak döwletli halk hökmünde hem özümizi dünýä nähili ykrar etdirip bilen bolsak we ýene nähili ösüşleri nazarlaýan, ýene nämeleri edip biljek bolsak, bularyň ählisine mümkinçilik döredýän zat Garaşsyzlygymyzdyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz özüniň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda nygtaýar. Ol sözler ýurda, halka Garaşsyzlygyň näderejede ähmiýetlidiginiň aýdyň beýanydyr.

Ak­mu­ham­met HE­MI­DOW,
«Diýar».