Zenan zehininden dörän älemgoşar öwüşgünli ajaýyp nagyşlar arkama-arka, nesilden-nesle geçip, şu günki günlerimize gelip ýetipdir. Nagyşlary synlap, olaryň döreýşi barada oýlananyňda, bu gözellikleriň eli çeper enelerimiziň yhlasynyň miwesidigine göz ýetirýärsiň. Şol nagyşlara zenan ýüreginiň mähri, gözelligi, näzikligi, onuň süýji arzuw-hyýallary, kalbynyň owazy, söýgüsi siňipdir.
Nagyşlaryň syrly dünýäsi diýlende, enemiň gadymyýetde bolup geçen bir waka baradaky gürrüňi ýadymda galypdyr. «Bir enäniň eli çeper gyzlary bolupdyr. Mährem ene gyzlaryna çagalykdan saýlanyp, ýumşa ýaran gününden keşdeçilik käriniň inçe syrlaryny öwredipdir. Nagyşlaryň her biriniň näme manyny berýändigini birkemsiz aňlaryna goýupdyr. Her biri bir taryhy wakany gürrüň berýän nagyşlary gyzlar enelerinden ürç edip öwrenipdirler. Inçeden edil «Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýdirýän bu käri ilikdüwme ele alan gyzlar, il içinde keşdeçiler maşgalasy diýlip tanalypdyr. Ene gyz perzentlerine şeýle pent edipdir: «Durmuşa çykyp baran ýeriňizde agzyňyz gyňaç bilen mydama ýapylgy bolsun. Sesiňizi özüňizden ulular eşitmeli däldir. Habar gatanyňyzda, diňe özüňizden kiçi ýaşly baldyzdyr ýüwürjileriňiz arkaly habarlaşmalysyňyz. Haçanda görme-görşe geleniňizde, men siziň hal-ýagdaýyňyzyň neneňsi haldadygyny egniňize geýen lybasyňyzyň keşdesinden bilerin. Eger «gülýaýdy», «dolyhan» nagyşlary ýaly keşdeler keşdelenen bolsa, meniň göwnüm rahatlyk tapar. Emma «gapyrga», «garagaýama» ýaly nagyşlar nagyşlanan bolsa, onda men her edip, hesip edip, kömek bermegiň ugrunda bolaryn» diýipdir. Gyzlar bu gürrüňden soň, eneleriniň öwreden keşdelerine has ünsli çemeleşipdirler».