«Gören - eşidenlerimden»

28 Iýul 2022
966

Kesearkajyň obalarynyň birinde omür gydyrdanyp, bir ýerde durmaýan galjaň adam ýaşanmyşyn. Ol ýa bugdaýyň başynda, ýa-da demir ýençgiläp, ussaçylyga gümra bolup oturanmyşyn. Iliň gözüne, ol asyl birjigem aýagyny epip oturýan, ine-gana çaý-çörek iýýan adamam däl diýýär. Onuň dynç alyp oturanyna duşaýmak kyn bolany üçin, «Töre jynly» diýlip, ady hem lakamy bilen bile tutulypdyr. Şol hem aryp öýüne geleninden soň, derhal öňüne getirilen çaýnegiň çaýyny agdaryp, soňam üstüni emaý bilen basyryp, içini gepledýärmiş: «Hä-äý, şu wagt atym boşanaýsady, şony tutup, daňyp gelýançäm, çaý ganymat demini alardy, ýogsam, tüýdüge dönen bokurdak takat edip oturmaga salym berenok».

Başga bir degişme kysmy rowaýatda bolsa şeýle gürrüň berilýär: