Iner ýü­ki

28 Iýul 2022
901

Müň dokuz ýüz elli ikinji ýylyň ýigrimi sekizinji iýulynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde harby gullukçy maşgalasynda dünýä inen Myrat Haitowyň çagalyk döwri oba durmuşy bilen aýrylmaz bagly. Kakasy, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weterany Öwezgeldi Haitowyň esasy käri harby gullukçy bolansoň, Myradyň çagalyk ýyllary ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda geçýär. Şeýle ýaýdaýda ol başlangyç bilimi Lebap, Balkan, Ahal welaýatlarynda alyp, ýokarky synplary bolsa Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 6-njy orta mekdebinde tamamlaýar.

Myrat haýsy ýerde ýaşap, nirede okasa-da, öý işleridir ýer işlerinden çetde durmaýardy. Heniz oglanlykdan mal bakmagyň, gök-bakja ekinleridir, pagta ýygmagyň, gowaça ideg etmegiň abyny-tabyny ele alypdy. Onuň mekdepde görkezýän işjeňligi-de hojalyk işlerindäkisinden asgyn däldi. Ol woleýbol, futbol, basketbol oýunlaryndan geçirilýän mekdebara ýaryşlaryna-da kemini goýman gatnaşardy.

Go­çy ANNASÄHEDOW,
ýa­zy­jy.