Taslama bäsleşigi geçirildi

7 Iýun 2022
1896

Her bir döwletiň ösüşi, halkara abraýy, ilki bilen, şol ýurduň ýaşlaryna berilýän bilim bilen ölçenilýär. Çünki ylym ösüşleriň sakasydyr. Şu nukdaýnazardan häzirki wagtda ýurdumyzda zehinleri ýüze çykarmakda hem-de aspirantlaryň, magistrleriň, talyp ýaşlaryň, bakalawrlaryň taslama işleri bilen meşgullanmagyny höweslendirmekde, intellektual başarnyklaryny ýokarlandyrmakda, şeýle hem ýaşlaryň geljekde täze döwrebap usullaryň üstünde işlemegine höwes döretmek, olarda täzeçe pikirlenmek ukybyny ösdürmekde ylym-bilim bilen bagly dürli bäsleşikler geçirilýär.

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar ylmyň dürli ugurlary boýunça geçirilýän ýaryşlarda, bäsleşiklerde öz intellektual işlerini hödürlemek bilen tejribe-konstruktorçylyk hem-de innowasiýa işleriniň ösdürilişine mynasyp goşant goşýarlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyna» laýyklykda, 2022-nji ýylyň 3-4-nji iýunynda Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Ýaş alymlaryň we hünärmenler geňeşiniň hem-de fakultetleriň gurnamagynda aspirantlaryň, magistrleriň, talyplaryň, bakalawrlaryň arasynda ylmy taslamalaryň bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige uniwersitetiň talyplary tarapyndan ylym-bilim, saglygy goraýyş, energiýany tygşytlaýjy häzirki zaman tehniki işläp düzmeler, 3D ölçegli şekiller, programma üpjünçiligi, robot tehnikalary, önümçilik maksatly binalaryň, şähergurluşyk, ulag-senagat desgalarynyň, arhitektura ýadygärlikleriniň taslamalary we başga-da jemi 62 sany iş hödürlenildi.

Ogulnar GURBANMÄMMEDOWA,
«Diýar».