Ýurdumyzda telekeçilik işiniň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda (rejelenen görnüşi)» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
«Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny III bölümden we 16 maddadan ybarat bolup, eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deňlik düzgünini durmuşa geçirmek, raýatlaryň öz emlägine özleriniň erkin erk edip, haýsy ugurdaky işde işlejekdigini özleriniň erkin saýlap alyp bilmekleri esasynda, olaryň iş bitirijiligini hem-de ugurtapyjylygyny giňden ýüze çykarmak üçin şert döretmäge gönükdirilendir.