Agzybirlik dilimiziň senasy

28 Aprel 2022
2384

Dünýä   türkmenlreriniň  ynsanperwer  birleşigi  daşary  ýurtlardaky bölümleriniň  ýurdumyzdaky  köpçülikleýin  we  şahsy   agzalarynyň  şahamçalary bilen  yzygiderli  dürli  çäreleri  geçirýär. Şeýle  çäreleriň  biri  ýakynda  Ahal  welaýatynyň  Bäherden  etrabynda  bolup  geçdi.  „Agzybirlik  kalbymyzyň  çyragy,  parahatlyk  döwrümiziň  şygary“  atly bu  çärä  ýurdumyzyň   jemgyýetçilik  guramalarynyň,  şeýle  hem köpçülikleýin  habar  beriş  serişdeleriniň  wekilleri bilen  birlikde  daşary  ýurtly  türkmen  doganlarymyz gatnaşdylar.

Bäherden  etraby özüniň  taryhy  ýadygärlikleri, şahslary, „Arçman“ , „Ýyly  suw“ şypahanalary, „Köwata“, „Nowata“  ýaly  jana melhem  suwly  kölleri  bilen  meşhurdyr.  Olar  baradaky  rowaýatlary  diňlemek   hem  gyzykly. Çäräniň dowamynda „Ak  işan“  zyýarathanasyna  zyýarat  edilende, ol ýerde dünýäde   parahatçylygyň,  agzybirligiň,  asuda  asmanyň   höküm  sürmegi, ýagşy  dilegler  edildi. „Köwata“  ýerasty kölüne  syýahat  etmek  hem diýseň   täsirli  boldy. Dag  çeşmelerinden  gözbaş  alyp  gaýdýan  gudratly  melhem  suwlarynyň bu etrabyň  topragynyň  keramatlydygyndan, bu  ýerde  ady  belli  şahslaryň  kemala  gelendiginden  habar  berýändigi  barada  haýran  galdyryjy  rowaýatlar aýdyldy.

Ogulbaýram TAGANOWA,
«Zenan kalby».