Dünýä täzelikleri

16 Mart 2022
2751

Deňiz düýbünden gämi tapyldy

Günorta ýarym şarda ýerleşen Antarktikanyň kenarlaryna golaý deňiz çuňlugyndan gark bolan, agaçdan ýasalan gäminiň galyndylary tapyldy. «Endurance» diýlip atlandyrylýan bu gämi 1915-nji ýylda buzluklar bilen örtülen materigi öwrenmek üçin baran syýahatçylardan galan suwasty miras bolup durýar. Häzirki wagtda bu gämi 3 kilometr suwuň astynda ýerleşýär. Üstünden bir asyrdan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, gämi suw düýbünde örän gowy saklanypdyr. Alymlaryň bellemegine görä, onuň gowy ýagdaýda saklanmagyna sowuk suw gurşawynda dargadyjy bakteriýalaryň ýoklugy sebäp bolupdyr. Soňky döwürde howanyň üýtgemegi netijesinde, günorta ýarym şarda ägirt uly buzluklaryň eremegi bu suwasty ýadygärligi öwrenmäge şert döredipdir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Begli ABDYKADYROW,
«Aşgabat».