Ter gök önümler bereketli saçaklarymyza

16 Mart 2022
1690

Türkmenbaşy şäherindäki döwrebap ýyladyşhana geçen ýylda hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen ýurdumyzda birbada işe girizilen alty sany ýyladyşhana toplumlarynyň biridir. Häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan ýyladyşhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Sapardurdy Nazlyýewe degişli bolup, ol gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendir.

Ekerançylyk meýdany 4 gektara barabar bolan ýyladyşhananyň işe girizilmegi bilen, täze iş orunlarynyň otuza golaýy döredildi. Ykdysadyýetimiziň agrosenagat pudagynda gazanylýan üstünliklere, azyk üpjünçiliginiň berkidilmegine saldamly goşant goşýan ýyladyşhana toplumynda geçen ýylda ýygnalan pomidoryň umumy möçberi 400 tonna barabar bolup, ýygnalan hasyl içerki hem-de daşarky bazarlarda ýerleşdirildi.  

Nurmämmet HYDYROW, «Balkan».
Surata düşüren Aşyrberdi HOJABERDIÝEW.