Täze ýyl öwüşginli meşhur ýerler

27 Dekabr 2021
2817

Ajaýyp görnüşler

Ýurdumyzda toý-baýramlar uly şatlyk-şowhun bilen, ruhubelentlikde garşylanylýar. Täze ýyl baýramyna halkymyz uly joşgun bilen taýýarlanýar. Eýýäm, dekabr aýynyň ortalarynda paýtagtymyzda bezelen Täze ýyl arçalaryny, gijelerine dürli reňkde öwşün atýan çyrajyklar bilen bezelen seýilgähleri görmek bolýar. Ak şäherimiz Aşgabadyň Täze ýyl keşbi edil ertekilerdäki ýaly ajaýyp görnüşe eýe bolýar. Paýtagtymyzdaky edara-kärhanalaryň, ak mermere beslenen binalaryň öňünde ajaýyp bezelen Täze ýyl arçalary, dürli reňkli bezeg çyrajyklaryna beslenen aýdyň ýollar we ýanýodalar ildeşlerimiziň bu baýramy uly ruhubelentlikde garşylaýandygyndan habar berýär. Ak mermerli şäherimizde ýerleşen «Älem» medeni-dynç alyş merkezindäki meýdançada ýurdumyzyň Baş Täze ýyl arçasy bezelip, bu ýerde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Aýsoltan ORAZMYRADOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.