Aý­dym-sa­zym — ha­zy­nam

2 Dekabr 2021
1380

Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz ýurdumyzyň dünýä ösüşine sazlaşykly goşulyşmagynda medeniýetimiziň, sungatymyzyň hem-de aýdym-sazymyzyň orny hem uludyr. Kämilleşýän türkmen medeniýeti we sungaty ösüşiň ak ýollaryndan batly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň türkmeniň aýdym-saz sungatyna goýýan belent hormatyny onuň her bir ädiminde görmek bolýar.

«Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda mertebesi belent Prezidentimiz: «Türkmeniň Şükür bagşy, Hally bagşy, Täçmämmet Suhanguly, Sary bagşy, Oraz Salyr, Mylly aga, Magtymguly Garly, Sapar Bekiýew, Pürli Saryýew, Sahy Jepbarow, Nurjemal Adyýewa, Çary Täçmämmedow, Ödenyýaz Nobatow, Gurt Ýakubow, Nurberdi Gulow, Mustak Aýmedow, Ýagmyr Nurgeldiýew, Akjagül Myradowa, Ilaman Annaýew ýaly, dutarynyň taryna bilbil gondurýan bagşy-sazandalary örän köpdür» diýip belleýär. Bu bolsa milli aýdym-saz sungatymyzyň sütün halypalary bolan bagşy-sazandalarymyzyň şol gudratly medeniýetimize beýik ösüşleri berendiklerini subut edýär.

Gülruh GUZUÇYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy.