Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ýurdumyzyň her bir raýatynyň gündelik durmuşynyň kadasyna öwrülendigi örän guwandyryjydyr. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we wagyzçysy bolup, türkmen halkyna, şol sanda ýaşlara bu ugurda şahsy görelde görkezmek bilen, hormatly Prezidentimiziň adam hakdaky, onuň saglygy we abadançylygy baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine ýetirmegi bagtyýar ulus-ilimiziň çuňňur hoşallyk duýgusyny joşdurýar. Milli Liderimiz hat-da daşary döwletlere saparlarynyň, ýurdumyzyň welaýatlary boýunça iş saparlarynyň barşynda-da, dynç alanda-da sport bilen meşgullanmagy wajyp döwlet işleri bilen utgaşdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek bilen, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy bagtyýar halkymyzda Gahryman Arkadagymyza bolan söýgini we buýsanjy, şeýle hem sporta we bedenterbiýä bolan höwesi has-da artdyrýar. Ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmeginiň wajypdygyna ünsi çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz: «Bu gün bagtyýarlygyň ýurdy bolan Türkmenistanda diňe paýtagtymyzda däl, eýsem, welaýatlarymyzda hem innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap sport merkezleri, stadionlar, dürli bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary jemgyýetimiziň ruhy we beden taýdan sagdyn ösüşine hyzmat edýär» diýip, parasatlylyk bilen nygtaýar.